02.12.2023
Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär» diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler.
«Paýhas çeşmesi» nakyllar kitabyndaky: «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp — il» diýen parasatly jümle, häzirki döwürde-de ata-babalarymyzyň bina gurmak, guýy gazmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda suwy aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işleri yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň dabaralanmasydyr. Suw hojalyk desgalarynyň we suw hojalyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oba hojalygynda ekinleriň damjalaýyn suwarylmagy, şeýle-de Garagum sährasynyň jümmüşinde gurlan «Altyn asyr» Türkmen köli adam eli bilen döredilen gudratly desgalaryň biridir.
Ilatyň agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi ajaýyp döwrümizde döwlet derejesinde ileri tutulýandygy sebäpli, degişli işler geçirilip, bu ugurdaky kanunçylyk ulgamlary kämilleşdirilýär. Şeýle-de, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi netijesinde, welaýatymyzda Garagum derýasynyň 1096 kilometrinde göwrümi 18 million kub metr bolan Bereket suw howdanynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem ýokardaky beýan edilenleriň aýdyň mysaly bolup dabaralanýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda suwlaryň hem Türkmenistanyň umumymilli baýlygydygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi barada bellenilendir.
Türkmenistanyň Suw kodeksi ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär, suwlary hapalanmakdan goramaga, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
«Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilendir, agyz suwunyň hiline we onuň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyna, agyz suwunyň çeşmeleriniň goralmagyna we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär, agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we hapalanmakdan, zaýalanmakdan hem-de azalmakdan ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de işlemeginiň we agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
Türkmenistanyň Suw kodeksiniň 7-nji maddasyna laýyklykda, ähli suw obýektleriniň jemi, has takygy, Türkmenistanyň suw gaznasynyň ýerüsti suwy, deňiz suwlary — Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynyň çäklerindäki suwlar, suw akymlary bolan derýalar, çeşmeler, suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň kanallary, howdanlar, köller, howuzlar, suwly karýerler, suw howdanlary, ýeriň üstüne tebigy çykýan we emeli usulda gazylyp çykarylýan ýerasty suwlar, bulaklar, geýzerler, kärizler, guýular, ýerasty suw obýektleri, ýerasty suwlarynyň basseýnleri, suwly gatlaklar Türkmenistanyň suw gaznasyny düzýär.
Şeýle-de, «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama» laýyklykda, ýurdumyzyň ilatyny arassa, halkara standartlaryna laýyk gelýän agyz suwy bilen doly üpjün etmekden, döwrebap tehniki serişdeleri we tehnologiýalary ulanmak arkaly gurulýan agyz suw desgalarynyň, dik guýularyň, suw hem-de lagym geçirijileriň mukdaryny artdyrmakdan, ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmakdan, dag eteklerinde ýerleşen süýji suwly derýajyklary we çeşmeleri ilatyň agyz suwy we durmuş hajatlary üçin ulanmaga gönükdirip, deňiz we zeý suwlaryny ylmy usullar arkaly arassalap, ýurdumyzyň suw çeşmelerini giňeltmekden ybaratdyr. Agzalan maksatnama boýunça Türkmenistanyň suw serişdeleri uly we kiçi derýalaryň, ýagny Amyderýa, Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň, çeşmeleriň we kärizleriň akymlaryndan hem-de ýerasty süýji suwlaryň gorlaryndan emele gelýändigi bellenilendir.
Türkmenistan suwlary peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine, kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.
Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýerleşýän gözel ülkämizi uly sepgitlere we ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli ähli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Sähragül Aşyrowa, Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.