TÜRKMENIŇ MILLI GYMMATLYGY

29.04.2021

Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny belende götermek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýar.  16-njy aprelde «Oguzkent» myhmanhanasynda Hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda ýokary derejede geçirilen  Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaraly çärelere mynasyp badalga boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine on bir ýyl dolýar. Häzirki döwre çenli ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs bu guramanyň agzasy boldy.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary boýunça BMG-niň Kararnamasy bilen bütin dünýäde yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde  Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi medeniýetleriň dostlaşmagy, parahatçylygyň ösmegi ugrundaky beýik tagallalary çuň mazmuna besleýär.

Milli medeniýetimiziň baý öwüşginleriniň giň jahana ýaýylmagy ugrunda ummasyz işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

 

Röwşen ATAÝEW, Ahal welaýatynyň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň
müdiri, 1-nji derejeli ýurist.

 

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, baý öwüşginlere beslenýän milli medeniýetimiz ata Watanymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň, döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, beýik sungat derejesine ýetirilen seýisçilik we seýwançylyk sungaty dünýä medeniýetiniň ösüşine goşulan saldamly goşantdyr. Arkadagly eýýamymyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy.

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 21-nji aprelinde  dabaraly açylyp, ulanylmaga berlen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli halkymyza bagyşlanan ajaýyp sowgatdyr. Milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen yzygiderli kämilleşdirýän
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

 

Begenç ÝOWŞANOW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurorynyň uly
kömekçisi, ýustisiýanyň
kiçi geňeşçisi.