ÝAŞ NESLIŇ HUKUK KEPILLIKLERI

09.12.2023

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň watansöýüji, zähmetsöýer, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goraglylygy bolsa kämil kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda üpjün edilýär.

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem şolaryň biri bolup, ol çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bu Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilýär. Şeýle-de agzalan Kanunda çaganyň ýaşamaga we terbiýelenmäge, öz at-abraýyny we mertebesini, saglygyny goramaga, bilim almaga, dynç almaga, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrylmaga bolan hukugy doly kepillendirilýär.

Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Ogulbibi Naz­my­ra­dowa, Balkanabat şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.