13.12.2023
Biziň ýurdumyzda giň gerim alan sagdyn durmuş ýörelgeleri parahat durmuşy üpjün edýär. Bu bolsa geljek üçin sagdyn jemgyýetiň berk binýadyny kemala getirýär.
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşa- magyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine gönükdirilen ugurlary beýan edýär. Kanunda ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň alnyp barlyşynda öňe sürlen kanunçylyk namalaryna orun berlip, bedenterbiýäniň we sportuň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hem-de işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny programma bolup belleýär. Şeýle hem Kanunda ýurdu- myzda olimpiýa hereketiniň halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegi- digi bellenilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini giň jemgyýetçilige düşündirmegi ugur edinýän wagyz-nesihat çäreleri bu günki gün ýurdumyzda giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleri guramakda bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler bilen bir hatarda, hukuk goraýjy eda- ralaryň wekilleri hem işjeňlik görkezýärler. Ýaşlary sporta giňden çekmek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak ýaly wajyp meseleler her bir wagyz-nesihat çäresiniň esasyny düzýär. Şunda sag- dyn jemgyýetiň kemala gelmegine päsgelçilik döredýän nogsanlyklary aradan aýyrmak, olaryň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp barmak çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak işleri has-da güýçlendirilýär.
Sporty ösdürýän, sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Baýram Ýaryýew, Köneürgenç etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.