29.04.2021
Her bir milletiň özüne mahsus mukaddeslikleri, milli gymmatlygy, sungat derejesine ýetiren özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri wepadarlygyň belent nusgasyny özünde jemleýän bedew aty bar. Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylýan türkmen bedewleri şöhraty müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyrlar. Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W. O. Wittiň: “Türkmen bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýen jümlelerini buýsanç bilen beýan etmek bolar.
Türkmen bedewleri örän hyjuwly hem güýçli, eýesine wepaly, gyz gylykly, asylly häsiýetli, paýhasly, özüne bolan hormaty talap edýän jandar hökmünde bütin dünýäde ykrar edilipdir. Ady rowaýata öwrülen asman atlary halkymyzyň uçar ganaty, ylham joşguny, milli baýlygydyr.
Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasy hasaplanylýan, owadanlykda, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk asylly bedewler taryhyň gatlarynda halkymyzyň şöhratly geçmişini dabaralandyrmak bilen özüniň mynasyp ornuny tapypdyr. Behişdi bedewleriň ähli döwürlerde hem türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi, wepaly hemrasy, hojalygyň bezegi bolandygyna “Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy bolmaz” ýaly halk pähimleri hem şaýatlyk edýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, behişdi bedewlerimiziň gadymky şöhraty milli miras hökmünde has-da dabaralandy. 1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň döredilmegi bolsa, ömrüni bedewlere bagyşlan tejribeli seýisleriň, ussat hünärmenleriň bu ugurda alyp barýan göreldeli işlerini kämilleşdirmäge, ajaýyp tohum atlaryň ösdürilip ýetişdirilmeginiň gizlin syrlaryny, köp asyrlyk tejribelere daýanýan milletimiziň atadan ogla, nesilden nesle geçiren milli däplerini ösdürmäge, türkmen bedewleriniň sanyny köpeltmäge, tohumçylyk nesil ugurlaryny we atşynaslygyň asylly ýörelgelerini giňeltmäge mümkinçilik döretdi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan türkmen bedewleriniň halkara derejesindäki at-abraýy barha belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda 2010-njy ýylyň awgustynda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi we oňa hut milli Liderimiziň ýolbaşçylyk etmegi Diýarymyzda atçylygyň milli medeniýetini täzeden dikeltmek we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ähli işleriň özgertmelere gönükdirlen bitewi syýasatdan gözbaş alýandygyndan habar berýär. Geçen ýyllaryň içinde assosiasiýa arassa ganly atlaryň takyk hasabyny ýöretmek, halkara atçylyk sport ýaryşlaryny guramak, halkara atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleriň nazaryýet we hünär taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, ahalteke bedewleriniň genofonduny goramak hem-de baş sanyny artdyrmak bilen meşgullanýan atşynaslaryň özara gatnaşyklarynyň netijeli görnüşine öwrüldi.
Häzirki wagtda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde hereket edýän atçylyk sport toplumlarynyň aýlawlarynda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde atçapyşyklary yzygiderli geçirilýär. Diýarymyzda diňe bir atçapyşyklary däl, eýsem, milli at üstündäki oýunlar, konkur boýunça ýaryşlar, görkezme çykyşlary hem guralýar. Türkmen ýigitleri gadymdan gelýän milli at üstündäki “Ata bukulma we atly bukulma”, “Atly göreş”, “Çybyk kesdi”, “Altyn gabak”, “Syrtmak atma”, “At bökdürme”, “At agdarma” ýaly türgenleşik häsiýetli oýunlary häzirki wagtda hem sungat derejesinde kämilleşdirip ýerine ýetirýärler. Muňa mysal edip, 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny, Türkmenistanyň Döwlet sirkininiň “Türkmen jigitleri” toparyny agzamak bolar.
Bu toparlar atçylyk sport ýaryşlaryna, sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlar bilen ýurdumyza dolanýarlar. Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen sirk sungatynyň I halkara sirk sungaty festiwalynda türkmen atly ýigitleriň “Altyn Gaetano” baş baýragyna mynasyp bolandygyny aýtmak buýsandyryjydyr. Türkmen jigitleri at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdylar. Şeýle baş baýraklary Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen halkara sirk festiwalynda, Gyrgyz Respublikasynda guralan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda hem gazandylar.
Indi birnäçe ýyl bäri türkmen ýigitleri atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanýarlar. Konkurçylar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara ýaryşlaryna gatnaşmakda hem tejribe topladylar. 2016-njy ýylyň aprelinde Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda üsti açyk konkur meýdançasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa, atly sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň göwün guşuny galkyndyrdy. Bu ýerde halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmäge hem mümkinçilik bar. Ýeri gelende aýtsak, konkur hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen, 2017-nji ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.
Çapyşyklar ýa-da uzak aralyga ýörişler ahalteke bedewiniň deňsiz-taýsyz gymmatlykdygyny ýüze çykarýar. Munuň şeýledigine “Aziada — 2017”-niň geçiriljek günlerindäki 500 günlük atly ýöriş behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has- -da dabaralandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Nusaý galasyndan ýörişe çykan 17 atly ýigitler Türkmenistanyň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdaklaryny parladyp, Aziýa oýunlarynyň alawyny göterip, ýurdumyzyň ähli welaýatlary boýunça ýörişe çykdylar. 500 günlük ýörişi uly ruhubelentlikde geçiren atlylar “Aşgabat — 2017”-niň açylan gününde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň baş meýdançasynda jemlendiler.
Ajaýyp ýyndamlyk, kuwwat hem-de erk, maksada okgunlylyk we çydamlylyk ýaly häsiýetler bedewleriň gözelligini has-da artdyrýar. Bularyň hemmesi “Mal eýesiniň gözünden suw içer” diýilişi ýaly, tejribeli seýisler tarapyndan uly alada bilen kemala getirilýär, çapyksuwarlar tarapyndan ygtybarly goralýar. Şeýle ussat halypalary döwlet tarapyndan sylaglamak, olara mynasyp baha bermek ýaly asylly ýörelgeler hem yzygiderli alnyp barylýar. Şol maksat bilen ýurdumyzda “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredildi.
Türkmen atşynaslaryna görelde mekdebi, nusgalyk halypa bolup, behişdi bedewlerimize aýratyn gadyr goýýan, olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berýän, atçylyk sportunyň ösdürilmegini täze derejelere çykarýan Gahryman Arkadagymyza “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakyldy. Bu bolsa, milli Liderimiziň at çapmagyň, atly gezelenç etmegiň we seýislemegiň hakyky muşdagydygynyň, şeýle häsiýetleri öz oglunda we agtyklarynda kemala getiren ussat halypadygynyň nyşanydyr.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň atçylyk sungaty bilen bagly gadymy däp-dessurlaryny dikeltmek we aýawly saklamak baradaky Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler “Ganatly bedewler” atly kitapda beýan edilýär. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu kitap giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Hormatly Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly eserleri hem milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup, edebi ýadygärlige öwrüldi. Alym Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen “Gadamy batly bedew” kitabynda atçylygyň milli däpleri barada köpýyllyk barlaglar, oýlanmalar, taryhy we edebi maglumatlar awtoryň çuňňur bilimi, şeýle hem şu mowzuga degişli atalar sözlerinde, nakyllarda we aforizmlerde öz beýanyny tapan halk pähimleriniň ägirt uly toplumy umumylaşdyrylypdyr. Şeýle gymmatly çeşmeleri özünde jemlän bu kitap Moskwada geçen 30-njy halkara kitap sergi-ýarmarkasynda, GDA-nyň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň baş baýragy — “Gran-pri” baýragyna mynasyp boldy. Şeýle buýsandyryjy pursatlar dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän gymmatly eserleriniň we türkmen bedewleriniň halkara derejesindäki abraýynyň belentdiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewine bolan ählihalk söýgüsiniň nyşany bolup durýar. Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde atlaryň gözellik bäsleşiginiň, konkur boýunça görkezme çykyşlarynyň, atçapyşyklarynyň, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahatynyň, döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi, sungat sergileriniň guralmagy hem ynsan häsiýetli, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýulýan belent hormatyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda nygtaýşy ýaly, türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymanydyr.
Maýsa KURBANOWA. Welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.