TOÝLY GÜNLER BAGTA ÝARAN

20.12.2023

Günler bizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramyna barha ýakynlaşdyrýar. Ýurdumyzyň baş baýramyny mynasyp derejede garşylamak we ony adyna laýyk merte bebilen bellemek üçin häzirki günlerden taýýarlyk işleri görülýär.

Eziz Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşýan her bir adam üçin mukaddes Garaşsyzlgymyzy berkitmek, onuň şanyny-şöhratyny Ýer ýüzüne ýaýmak uly ähmiýete eýedir. Zähmet adamlarynyň kanuny hak-hukuklaryny goramak bolsa degişli edaralaryň, şol sanda, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň hem jana-jan borjy bolup durýar. Ýurdumyzda raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini hem-de konstitusion gurluşyny goramak, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz döwletimizde prokuratura edaralarynyň işgärleri kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarlar. Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmäge, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönük dirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu bolsa agzy bir türkmen halkymyzyň öz Milli Lideriniň we hormatly Prezidentiniň töweregine mäkäm jebisleşýän diginiň hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygynyň subut namasydyr.

Bedew bady bilen öňe barýan, parahat, asuda Watanymyzda dost-doganlgyň, ynanyşmagynyň jarnamsy esasynda türkmen halky hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörel gesine eýerip, mundan beýläk-de güller bilen bäsleşýän gözel Diýarymyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün eder. Ajaýyp döwrümizde günlerimiziň her birine toý ruhuny gatan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslen sin!

Jeýhun Jumageldiýew, Saýat etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.