01.05.2021
Kämil kanunçylyk ösen jemgyýeti gurmagyň, belent ösüşleri we üstünlikleri gazanmagyň hökmany şertidir. Muňa häzirki wagtda ähli ugurlarda ýokary sepgitleri nazarlaýan ata Watanymyz Türkmenistanyň bedew batly ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, Watanymyzy çalt depginlerde dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak bilen baglydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, berkarar döwletimiziň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy işjeň amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň depginli we durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanylýar, hoşniýetli hem-de ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi has-da giňeýär. Şeýlelikde, Türkmenistan bütin dünýäde kuwwatly senagat merkezi, halk häkimiýetini berkarar etmek boýunça uly işleri durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edilýär. Bu bolsa halkyň ýokary ýaşaýyş derejesini gazanmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýan Diýarymyzda degişli ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýadyň doly berkidilýändigini görkezýär.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň baý mirasyny, türkmeniň milli döwletlilik ýol-ýörelgelerini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kämil kanunçylyk ulgamyny döretmäge aýratyn üns berýär. Degişli ugurda geçen ýyl geçirilen Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan makullanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli taryhy ähmiýetli bu wakada jemgyýetimiziň jebisliginiň we döwletimiziň bitewüliginiň şöhlelenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Agzalan resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamy döredildi. Ýeri gelende bellesek, iki palataly parlament ulgamy dünýäniň köp ýurtlarynda üstünlikli hereket edýär. Olar häzirki döwre çenli öz ösüşiniň birnäçe tapgyryny geçdi. Şu jähetden, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny döwrebap ýagdaýa getirmek we ösdürmek üçin milli parlamentde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň bolmagyna amatly şertleri döretmek wajypdyr.
Mälim bolşy ýaly, golaýda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi ýurdumyzy ösdürmek babatda döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan beýik işleri bilen baglanyşyklydyr we halkymyzyň ýurdumyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiziň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýady halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär we özgerdilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijeli alnyp barylmagy milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Bu gün ýurdumyzyň Esasy Kanuny milli tejribä, halkara hukugyň kadalaryna laýyk gelmegini göz öňünde tutýan ähli hukuklary we azatlyklary kepillendirýär. Döwletimizde sagdyn jemgyýetiň ähli talaplary üpjün edilýär. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady işiň has-da işjeňleşýän döwründe ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, telekeçiligi goldamak, ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak boýunça öňde duran wezipelere üstünlikli ýetilýär. Bularyň ählisi döwlet syýasatymyzyň ata Watanymyzyň kuwwatyny has-da artdyryp, mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Pirmämmet PIRMÄMMEDOW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap prokuraturasynyň sülçüsi,3-nji derejeli ýurist.