SEBITDE ÝEKE-TÄK «AKYLLY» ŞÄHER

27.12.2023

Sebitde ýeke-täk, şeýle hem ýurdumyzda ýörite Kanun esasynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher diýlen aýratyn hukuk derejesi bolan Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň atgazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň döwletli döredijilik başlangyçlaryny hem-de nusgalyk işlerini dünýä ýaýan şäher boldy. Ýurdumyzda her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň döwletiň hemişeüns merkezinde durýandygynyň beýany bolan bu şäherde döredilen ähli taraplaýyn oňaýlyklar oňa «geljegiň şäheri» diýmäge esas berýär. Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, edara binalarydyr desgalar, häzirki zaman yşyklandyryş, wideo gözegçilik hem-de dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen giň şaýollary, köçeleri, halkalaýyn çatryklary şähere aýratyn görk berýär. Şäheriň sary yşykly ýol çyralary öz boluşly aýratynlyga eýe bolup, ümürli howada hem sürüjileriň öz ýoluny päsgelçiliksiz saýgarmagyna ýardam edýär. ITS ulgamy, ýagny intelligent Transportation System programmasy esasynda ulag ulgamlaryny düzmekde, ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalaryň ulanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine öztäsirini ýetirýär. Şäherde elektro mobiller we elektrobuslar hereket edip, bu ugurda «Duralga», «Ynamly taksi» ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredilen.

 Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şäheriň ikinji tapgyrynyň hem gurluşyk işlerine badalga berildi. Şäher gurluşygynyň ikinji tapgyrynda metjit, söwda-hyzmat ediş toplumy, dynç alyş seýilgähi, etrap häkimliginiň edara binasy, mekdebe çenli çagalar edaralary we umumy bilim berýän mekdepler, 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlup, 2026-njy ýylda ulan maga berler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň li durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Halkara derejede ykrar edilen ajaýyp şäheri gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Ýakup Aşyrow, Daşoguz welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.