ULY GELJEGIŇ EÝELERI

03.05.2021

Mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän şu günlerde ähli ugurlarda — senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, sportda, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Geljegimiz bolan ýaş nesle döwrebap terbiýe, ylym-bilim bermek, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda alada etmek bolsa Gahryman Arkadagymyzyň elmydama üns merkezinde saklanýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny okanyň­da, paýhasly pederlerimizden miras galan türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalarynyň jemlenendigine göz ýetirmek bolýar. Bu gymmatly kitap ýaş nesillere terbiýe bermekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýar. Pähim-paýhasyň egsilmez çeşmesi bolan eserde halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý ruhy tejribesi, myhmansöýerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp ýörelgeleri çeper hem pelsepewi nukdaýnazardan beýan edilýär.

Dünýä üçin parahatçylyga çagyryş bolup durýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işler, biri-birinden uly tutumlar has-da buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» Diýarymyzda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, milli gymmatlyklarymyza, medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza we halkymyzyň taryhyna çuň­ňur hormat goýýan adamlar bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilmeli anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şu wezipelere laýyklykda, ýaşlaryň ýurdumyzdaky taryhy we medeni ýadygärliklere, milli däp-dessurlara bolan garaýyşlaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýerlerde taryhy ýadygärliklere, ülkäni öwreniş we Milli muzeýlere gezelençler guralýar. Olaryň her birindäki binagärlik sungatyna degişli ymaratlar — Soltan Sanjaryň kümmeti, Törebeg hanymyň aramgähi, Köne Nusaýyň genji-hazynalary we ybadathana toplumy ýaly ajaýyp ýadygärlikler ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr. Maşat-Misserian, Şährislam, Abiwerd, gadymy Sarahs, Pendi çölündäki gowaklar toplumy, Daýahatyn kerwensaraýy, Amul şäheri, Astanababa ýadygärlikler toplumy hem şeýle gymmatlyklaryň hataryndadyr. Ýadygärliklere baryp görmek, taryhçylar, arheologlar, ülkäni öwrenijiler bilen duşuşmak, olaryň ylmy maglumatlara esaslanýan gyzykly gürrüň­lerini diň­lemek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bilim, medeniýet, sport ulgamynyň edara-kärhanalary ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek we rejelemek boýunça iş alyp barýan taryhy-medeni döwlet goraghanalary bilen bilelikde meýilnama esasynda işleşýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň gerimi, ýaşlara berilýän bilim, terbiýe, ylym babatda ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler bagtyýar geljegimize uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, şeýle-de onuň halkara gi­ňişlige içgin aralaşmagy gazanylýar. Sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Internet ulgamy bilim babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda giň mümkinçilikleri açýar. Mundan başga-da, sanly bilimi ösdürmekde ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekligine ýardam edýär.

 

Babyş KURBANGELDIÝEW, Kaka etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.