01.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlaryndan bina bolan Arkadag şäheri berkarar türkmen döwletiniň okgunly ösüşleriniň, beýik özgertmeleriniň şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dabaraly açylmagy ähli halkymyzyň milli buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynyň öň ýanynda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap neşir edilip, halkymyza gowuşdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen, türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen bu kitaby okanymyzda, Arkadag şäherine bolan söýgimiz, buýsanjymyz has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheri hakynda çuňňur paýhasa ýugrulan parasatly sözleriniň bu kitabyň başynda ýerleşdirilmegi, «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň taryhy ähmiýetini, täsirliligini, many-mazmunyny has-da ýokarlandyrýar.
«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap birnäçe bölümlere bölünip, olaryň biri-birine sazlaşyklylykda ýerleşdirilmegi okyjynyň kalbynda kitaby okamaga bolan islegini hem-de höwesini artdyrýar. Kitapdaky «Gadymy toprakda dörän gudrat», «Gurýan döwlet — gurply döwlet», «Arkadag şäheri — döwlet ähmiýetli şäher», «Arkadagda «akylly» şäher konsepsiýasy», «Akylly» şäheriň «akylly» ulaglary», «Akylly» öý hyzmatlary», «Ekologiýa abadançylygy ugrunda», «Ýaşyl» tehnologiýalar — «ýaşyl» ykdysadyýet», «Tenekar topragyň şirin nygmaty», «Belent hormatyň nyşany», «Ösüşinde bedewleriň bady bar», «Ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri», «Gözelligiň şäheri», «Dowamata dowam şäher», «Goý, halkymyz eşretli durmuşda ýaşasyn!» atly bölümler biri-birini baglanyşdyrmak bilen, Arkadag şäheri hakynda täsirli söhbeti okamaga ganatlandyrýar. Bu bölümleriň atlary-da, olardaky söhbetler-de pikir yzygiderliligine eýe bolmak bilen, Arkadag şäheriniň binagärlik we şähergurluşyk aýratynlyklaryny beýan edýän gürrüňleriň okyjynyň kalbyna ýetmegine uly ýardam berýär.
Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurulmagy, bu ajaýyp şäheriň kämillik derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäherinde bina edilen desgalar dünýäniň iň kämil innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Munuň özi, bu ýerde halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda, raýatlaryň bagtly durmuşyny kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşamak, işlemek, döretmek, okamak üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi, täze şäheriň ýaşaýjylarynyň netijeli işlemekleri we rahat durmuşda ýaşamaklary hakyndaky aladalaryň aýdyň netijesidir. «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitapda bular barada täsirli söhbetler edilýär.
Elbetde, bu kitabyň adynyň «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many bardyr. Arkadagyň şäheriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylmagy, kitabyň şeýle atlandyrylmagy bu ajaýyp şäheriň mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şäheridiginiň, aýdyň geljegimiziň eýeleriniň hem bagtyýar nesillerdiginiň özboluşly subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kitaba goýulýan hormat-sarpa barha ýokarlanýar. Häzirki döwürde bagtyýar watandaşlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly kitaplaryny, uly höwes bilen okaýarlar.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda «Kitabyň okalýan ýerinde, ynamyň bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär, maksatlary amala aşyrmaga uly mümkinçilik döreýär, giň gapy açylýar, ýurt binasy berkeýär. Kitap okamak islegi halkyň dowamatyna dowam gatmak bilen barabardyr.
Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris..» (229 sah.) diýip, parasatlylyk bilen nygtaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dana paýhasy bilen aýdyşy ýaly, kitap okamaklygyň hem-de kitapdaky pikirlerden ugur almaklygyň ähmiýeti örän uludyr. Şu babatda «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň hem terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny aýratyn nygtamak gerek. Çünki, bu kitap Arkadag şäheriniň gözelliklerini, bu ýerde ýaşamak, okamak, döretmek we gurmak üçin döredilen döwrebap şertleriň ähmiýetini çuňňur düşündirmekde örän wajypdyr.
Bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda tutumly maksatlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Maýsa Kurbanowa, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist