05.01.2024
Ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bina galdyrmak, köpri saldyrmak, dostlukly döwletleri doganlaşdyrýan ýollary gurmak işleri bugünki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilip, bu işler dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Pederlerimiziň pähimli ýörelgelerinden ugur alnyp, umumadamzat ähmiýetli sahawatly işleriň giň gerim alýan ýurdy bolan ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyna guwanyp, Bitaraplyk ýörelgesine daýanyp, gurmak, döretmek arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrýar we ýurdumyzyň bagtyýarlyk binýadyny berkidýär.
Gün-günden gözelleşýän berkarar döwletimiziň ähli künjegini gurşap alýan döwrebap özgertmeler halkymyzyň bagtyýar geljeginiň kepili. Gözel paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalary, şäher bilen deňleşýän täze obalaryň görküni görmäge göz, taryplamaga şirin söz gerek. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen ençeme binalaryň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini biziň hemmämiz bilýäris. Başy ak bulutlar bilen öpüşip duran ak mermer binalar görenleri haýrana goýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň alym paýhasyndan, Watanymyza we halkymyza bolan beýik söýgüsinden bina bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň dabaralanmasydyr. Milli medeniýetimiziň, häzirki zaman şähergurluşyk ylmynyň, sanly konsepsiýanyň, ekologiýa abadançylygynyň iň öňdebaryjy çözgütlerini özünde jemleýän bu ajaýyp şäher ýaşlaryň täze döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy üçin döredilen sapaly durmuş mekanydyr.
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şanly wakalaryny çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy. Kanunda Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň bellenilmegi innowasion ösüşleriň iň häzirki zaman tejribesi hökmünde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde şäher gurluşygy babatda dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeli ýurtlary hem sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ajaýyp şäherde sanly ulgam, ekologiýa abadançylygy, «ýaşyl» tehnologiýalar ýaly täzeçillikleriň iň soňkularynyň ornaşdyrylyşyny täze tejribe hökmünde öwrenýärler.
Dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde hem nygtalyşy ýaly, Arkadag şäherinde ylmyň iň soňky gazananlarynyň netijeli ornaşdyrylyşy ony geljegiň şäheri adyna eýeedýär.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň nesihatlary esasynda Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde gurulýandygyny nazara alyp, bu ýerleriň tebigy gözelligini saklap galmak üçin «ýaşyl» tehnologiýalary giňden ulanmak boýunça uly işleriň amala aşyrylýandygy buýsandyryjy hakykatdyr.
Ata Watanymyzy goramakda we ösdürmekde, watanperwerlikde nusgalyk görelde bolan şahsyýetleriň ruhuny tirsegine galdyrmagyň uly sogapdygy barada oýlanmaga itergi berýän bu ajaýyp şäheriň binalary belent başly daglar bilen egin deňleýär. Görki bilen görenleri haýrana goýjak bu jenneti mekanda ýerleşýän Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallym çylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara bilim berer. Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolsa Görogly gaýratly ýigitlerimiz, är gaýratly gyzlarymyz tomaşaçylara hezil bererler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bolsa şäheriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Sebäbi kitap, kitaphana diýlende, Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyndaky iň soňky guba düýesini kitaba çalşan türkmen ýaşulusy göz öňüňde janlanýar. Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän kitaphana hem ýaşdyr ýaşulynyň iň köp gelýän ýeri boldy.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän ahalteke atçylyk toplumlarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, atşynaslarynyň hyzmatdaşlyk etmäge hem-de tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli belent maksatly özgertmelere badalga berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň kalbyndan joşup çykýan alkyşly sözleri çäksizdir. Halk arasynda «Köpüň dilegi köl bolar» diýen parasatly sözler bar. Biz hem ýurdumyzyň köpugurly ösüşlerine badalga berýän ýurt Baştutanymyzyň we Gahry man Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Parahat Şamuradow, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist