GA­RAŞ­SYZ­LY­GYŇ HU­KUK ESAS­LA­RY

08.01.2024

Garaşsyzlyk ýyllary Türkmenistan üçin döwlet gurluşyny üýtgedip gurmakda, syýasy, ykdysady, durmuş taýdan ösüşiň milli nusgasyny döretmekde möhüm tapgyr boldy. Garaşsyz ösüş döwründe Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ösüşinde möhüm başlangyç başlady. Bu Jarnama ýurdumyzyň çäklerinde ähli ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we beýleki gymmatlyklaryň türkmen halkynyň milli emlägidigini, respublikanyň özbaşdaklygyny, onuň kanunlarynyň hökmürowanlygyny, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda garaşsyzlygyny jar etdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi garaşsyzlygyň ilkinji belent jaňydy» diýlip, bellenilýär.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda özbaşdak döwletiň kemala gelmeginiň hem-de pugtalanmagynyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy — Esasy Kanuny kabul edildi. Ýurdumyzyň Baş Kanunynyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmagyň prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýandygy kesgitlenilýär. Döwletiň gurluşy, syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny özüne birikdirýän Esasy Kanunyň kadalaryny döwrüň talabyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, oňa milli ruhy gymmatlyklary ornaşdyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, maglumat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek ugrunda oňyn halkara tejribesine esaslanyp, hukuk özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunymyzyň esasynda döwletiň syýasy ulgamy doly üýtgedildi, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak amala aşyryldy, raýatlara giň hukuklardyr azatlyklar berildi, döredijilikli zähmet çekmäge, mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda adamyň we raýatyň halkara hukugynyň iň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän, umumy ykrar edilen hukuklaryny we azatlyklaryny durmuşa geçirmegiň berk hukuk binýady döredildi. Häzirki döwürde ýurdumyz 130-dan gowrak halkara şertnamalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşyjy bolup durýar, olar ýurduň adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň, durmuş-ykdysady we ynsanperwer meselelerini çözmegiň halkarahukuk esasyny emele getirýär. Olaryň hatarynda Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy, Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygy hem-de Ykdysady durmuş we medeni hukuklar hakyndaky halkara Ylalaşygy ýaly adam hukuklary babatynda esasgoýujy halkara resminamalary bar. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 25-nji maddasynda «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär» diýlip bellenilýär.

Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini alamatlandyrýan kanunçylyk ulgamynyň barha pugtalandyrylmagy raýatyň we adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň ýokary derejede üpjün edilmegini şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz adam hukuklary we azatlyklary babatda döwletimiziň gatnaşýan esasy halkara şertnamalarynyň kadalarynyň milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylmagy, ýurduň bu babatda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegi baradaky meselelere hemişe uly ähmiýet berýär. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň doly berjaý edilýän ýurdunda bagtyýar durmuş üpjün edilýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleriniň biri bolan bu gymmatlyklaryň hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasaty netijesinde barha kämilleşýändigi guwandyryjydyr.

Sylapberdi Kakajanow, Gökdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.