ÝOL­LA­RY­MYZ ASU­DA BOL­SUN!

11.01.2024

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga alan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk eziz Watanymyzyň ähli ýerlerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda hereket howpsuzlygynyň şeýle-de ynsanlaryň rahatlygynyň üpjün edilmegine oňyn täsir edýän bu biraýlygy işjeň ýagdaýda geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Kärine, ýaşyna bagly bolmazdan, köpçüligiň ählisine degişli bolan bu biraýlyk halkymyzyň agzybirliginden habar berýär.

Häzirki wagtda Watanymyzyň dürli künjeginde uzaýan döwrebap awtoulag ýollary, olaryň ugrunda ýerleşýän ýerasty, ýerüsti geçelgeler, ýolyşyklar we beýleki zerur belgiler sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Bu barada Türkmenistan Ýol hereketi hakynda halkara konwensiýasyna hem-de Ýol belgileri we duýduryşlary hakynda Konwensiýa goşuldy. Şeýle-de Ýükleriň halkara daşalmagy hakynda Gümrük konwensiýasyna, Halkara ýollarynda ýük daşamak hakyndaky Konwensiýalara hem goşuldy.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny bir umumy görnüşde üpjün etmäge gönükdirilen halkara şertnamasynyň düzgünleri milli kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalary bolan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, «Ýol hereketiniň kadalaryny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynda öz beýanyny tapýar.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde esasy kadalaşdyryjy hukuk resminamasy bolup, ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwrebap şertleri döredip berýän, ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşy barada uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri üstünliklere beslensin!

Nazar Tagaýew, Ak bugdaý etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.