WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ÝAŞAÝYŞ JAÝ ÜPJÜNÇILIGI

26.01.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ykraryýetli ýörelgelerini döwrüň derejesindäki rowaçlyklar bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watan goragçylaryna döwletimiz tarapyndan yzygiderli berýän goldaw-aladalaryň gözbaşynda duran kämil şahsyýetdir. Watan goragçylarynyň saglygyny berkitmäge, ýokary derejede durmuş hyzmatlaryny almaga, maşgala agzalarynyň iş bilen üpjün edilmegine we beýleki pudaklaryň hyzmatlaryndan ýeňillikli peýdalanmaga bolan kanuny hukuklary kanunçylyk namalary esasynda kepillendirilendir.

Ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň goragyna gönükdiren harby we hukuk goraýjy işgärlerimiziň ýaşaýyş jaý üpjünçiligi döwletimiz tarapyndan olara berilýän kepillendirmeleriň we hukuk, durmuş taýdan goraglylygyň bir görnüşi bolup durýar. «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilişi ýaly, döwlet harby gullukçylara ýaşaýyş jaýlarynyň berilmegine kepil geçýär. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna edermen Watan goragçylary üçin açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlaryny, ýagny gulluk jaýlary, umumy ýaşaýyş jaýlary, ipoteka we paýly gurluşyk görnüşindäki jaýlary we olara göçüp baran bagtyýar maşgalalary görüp, milli kanunçylygymyzda beýan edilen bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Kanunyň talaplaryna laýyklykda, harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň döwlet gullukçylaryna has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan ipoteka karzy boýunça öýleri edinmäge ýa-da harby gullugy geçýän ýerinde hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini almaga hukuk berilýär.

Harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary ýaşaýyş jaýlaryny alýançalar, öz isleglerine görä harby gullugy geçýän ýeri boýunça harby bölümleriň salgylary boýunça ýazga durýarlar. Bellenilişi ýaly, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin ýaramly ýaşaýyş jaýlaryny kireýine almagyna ýardam bermäge borçludyrlar.

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksiniň 65-nji maddasyna laýyklykda, harby gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýyna görä ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi sebäpli, harby gullukdan boşan raýatlar, eger olaryň harby gullukda bolan umumy wagty 10 ýyl we şondan köp bolsa, olaryň maşgala agzalary ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga mätäç raýatlaryň sanawyna degişli edilýär we arza berlen gününden beýläk, bir ýylyň dowamynda jaý bilen üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyklykda, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan kireýine alyjylar alty aýyň dowamynda ýaşamadyk ýagdaýynda, ýaşaýyş jaýyna hukugyny ýitirýärler. Emma çagyryş boýunça harby gullugy geçilende, gullugyň möhletiniň dowamynda we borçnama boýunça harby gullugy geçilende, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletiň dowamynda agzalan ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy saklanylyp galýar. Bu hem döwletimiz tarapyndan harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalaryna berlen durmuş kepillikleriniň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň döredilmegi hem, biz — Watan goragçylary üçin aýratyn bir begençli waka boldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin niýetlenilen ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi bolsa, döwletimiziň harby gullukçylaryň ählitaraplaýyn üpjünçiligini hiç wagt ünsden düşürmeýändiginiň nyşanydyr.

Goý, Watan goragçylary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Bibigül Ýagşymädowa, Daşoguz şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.