13.02.2024
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň belent derejelerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň baş şäheri Aşgabat bu günki gün özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda asuda ýaşaýşynyň aýdyň görkezijisi bolup durýan merjen paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap desgalaryň hataryny ýaşaýyş, sport toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, bilim beriş, saglygy goraýyş ulgamlarynyň edara binalary, şeýle hem bagtyýar raýatlarymyzyň hyzmatynda bolan ençeme jemgyýetçilik binalary bezeýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Hawa, bu günki gün paýtagtymyz dünýäniň ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Aşgabat şäherinde toplumlaýyn esasda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, döwrebap ýol-ulag düzümini döretmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän gür baglyga bürenip oturan seýilgähleri, ýaşyl zolaklary döretmek ýaly netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle sazlaşykly emele getirilen şäher ulgamy paýtagtymyzyň özboluşly aýratynlygy bolup, onuň ýaşaýjylarynyň ýürek buýsanjyny goşalandyrýar.
Ak şäherimiz Aşgabady hemmetaraplaýyn ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan beýik işleri, belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Şalarhan Öwezow, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.