24.02.2024
ÝURT GORAGY-BELENT BORÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylarynyň gününiň ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilmegi harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň buýsanjyny goşalandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu baýramyň uly ruhubelentlige beslenýändigi açylyp ulanylmaga berilýän edaralaryň işgärleriň we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen ýaşaýyş jaýlaryň mysalynda aýdyň görünýär. Bu il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler belent döwrüň badyna goşulyp, uly ruhy galkynyşy döredýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eserinde: «Watan ähli ajaýyplyklara bolan söýgini jemleýän we olary bir beýik maksada gönükdirip bilýän toprakdyr. Ynsanyň bagtyýarlygynyň düýp özeninde Watana bolan söýgüsi ýatýar. Gündogar akyldarlary jem bolup, bir netijä gelipdirler: bagtly bolmak üçin Watany söýmek ýeterlik. Çünki Watany söýmek, bu — Watanyň asudalygy, abadanlygy, arassalygy, gözelligi, gülläp ösüşi üçin zähmet çekmek, yhlas etmekdir. Watan özüne siňdirilen söýgüden ylham, boý alýar. Watan söýgüsi bilen ülkeler, ýurtlar abadan bolýar. Watana bolan söýgimiziň beýikligine görä, adamyň döredijilik zehini oýanýar, artýar. Watany söýmekde, mukaddes topraga wepaly bolmakda taryhy şahsyýetlerimiziň bitiren işleri, amallary bize görelde mekdebidir» diýip belleýär.
Dogrudan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hormatly kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň atasy mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň durmuş hem-de gulluk ýoly biziň üçin nusgalyk göreldedir. Ösüşlere beslenýän döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri. Gahryman Arkadagymyzyň
«Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär» we beýleki dürdäne eserleri Watan goragçylary we tutuş halkymyz üçin pederlerimiziň mertlik mekdebini dowam etdirmekde ýol-ýörelgedir.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap edara binalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri we olaryň maşgala agzalary iň ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Watan goragçylary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary bilen sylaglanýar, harby we ýörite atlar, hünär derejeleri bilen höweslendirilýär. Döredilýän mümkinçilikler olarda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmaga, gijäni gündiz edip, ak ýürekden gulluk etmäge uly ruhy galkynyşy oýarýar.
Ýurdumyzda beýleki harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bir hatarda, prokuratura edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, işgärleriniň hünär ussatlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenýär. Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenilen esaslarda we tertipde gatnaşýar. Prokuratura dessin-agtaryş işiniň kanunylygyna we jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär.
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilip, döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Kanun prokuratura edaralarynyň ulgamy we gurluşy, prokuror gözegçiliginiň ugurlary, prokuror täsir ediş namalarynyň görnüşleri, prokuratura edaralarynyň işgärleri, olaryň durmuş kepillikleri baradaky we gaýry kadalary öz içine alýar.
Kanuna laýyklykda, prokuratura işgärleri öz işini amala aşyranlarynda, raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanun öňündäki döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýärler. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlar- da raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär. Prokuratura işgärleri jenaýat işleri boýunça tutulyp saklanan we ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özlerini goramaga bolan kanuny hukuklaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredýärler.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklary esasynda, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly işlere maksatnamalaýyn çemeleşilmegi guramaçylyk işleriniň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» tassyklanyldy. Prokuror gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak we prokuratura edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek bu Maksatnamanyň esasy maksadydyr. Prokuror gözegçiligini güýçlendirmek, sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly prokuratura edaralarynyň işini döwrebap ýola goýmak, kanunçylygy düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işlerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini ýerlikli ulanmak, kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, prokuratura edaralaryna işgärleri seçip almak, ýerli-ýerinde goýmak we hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak işlerini kämilleşdirmek, prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, işgärleriň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bolsa Maksatnamynyň wezipeleri bolup durýar.
Didar ORAZOW, Daşoguz welaýatynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.