ÝAŞLARYŇ DURMUŞ GOLLANMASY

27.02.2024

Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby merdana pederlerimiziň şir ýürekli gerçek nesilleri, olaryň häzirki döwürdäki üstünlikleri we rowaçlyklary barada bolup, okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu eser «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere, bedew batly ösüşlere, özgerişlere we toý-dabaralara beslenmeginiň özboluşly ylham çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr» diýen sözleri ýaş nesilleri belent sepgitlere çagyrýar.

Ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmek harby we hukuk goraýjy işgärleri üçin belent we mukaddes borçdur.

 

Maýa AGAÝEWA, Balkan welaýatynyň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.