WATANÇYLYGA ÝUGRULAN KITAP

01.03.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sepgidinde «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý etmegi 2024-nji ýyla beýik maksatlar bilen girişmegimize badalga boldy. Bu kitap ynsanperwer halkymyzyň ruhuny galkyndyran wakalaryň birine. ösüşli eýýamymyzyň çeper beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär. Watanyň ösüşleri joşgunly we zähmetsöýer ýaşlaryň ylym derejesi, edep-terbiýesi, öňegidişlikleri bilen berk bagly. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji syýasaty bilen gülleýän Watanymyzda ýaşlaryň orny juda pugtalandy. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler hakda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň durmuşy, bilimi, terbiýesi we üstünlikleri bilen şeýle içgin gyzyklanmasynyň düýp esasynda Watanymyzyň geljeginiň aladasy bar.

Goý, hormatly Prezidentimiziň ga-lamy ýiti, ylhamy joşgunly, ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag. ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Mekan NURGELDIÝEW, Etrek etrap prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.