05.03.2024
Türkmenistanyň kanunçylygynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň adalatlylyk, adamkärçilik wesýetleri bilen sazlaşygy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady halkymyzda çäksiz ruhubelentlik döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek baradaky karary kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede guramaçylykly bellemek baradaky Karary bolsa bu şanly sene bilen bagly işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen resminamadyr.
Magtymguly Pyragy diňe bir şahyr, filosof bol- man, eýsem, syýasatdan, döwlet gurluşyndan, sosiologiýa, taryh, etnografiýa we başga-da ylmyň birnäçe ugurlaryndan baş çykaran akyldar şahsyýetdir. Şahyryň döwletlilik garaýyşlarynyň gözbaşyna na- zar aýlanymyzda, ilkinji nobatda, onuň baş halypasy, kakasy Döwletmämmet Azadynyň şugla saçýan parasadyny we başlangyçlaryny görýäris. Sebäbi onuň «Wagzy-Azat» eseri döwlet gurluşy, onuň dolandyrylyşy, döwlet baştutany baradaky pikirleri özünde jemleýän gymmatly hazynadyr. Döwrümiziň alymlary "Wagzy-Azat- poemasynyň ylmy-filosofik eserdigini ykrar edýärler. Bu eser adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän garaýyşlary özünde jemleýän, ähli döwürlerde-de bahasy egsilmejek gymmatly gollanmadyr.
Ýaşan döwründe öz halkynyň ruhy hemaýatkärine. ruhy lukmanyna öwrülen Magtymguly Pyragy has çuňňur dünýägaraýşy bilen döwrüň çylşyrymly meselelerine akyl ýetirip, olaryň çözgüdini öz şygyrlarynyň mazmunynda halkyň aňyna guýmaga çalşypdyr.
Şygyrlarynyň üsti bilen şahyr ähli meseläniň çözgüdiniň jebislikdedigine. agzybirlikdedigine, bir döwlete gulluk edilip. bir başa bakylyp, ähli maksatlar bir ugra gönükdirilende. halkyň öňünde durup biljek güýjüň ýokdugyna, ähli üstünlikleriň açarynyň şondadygyna ünsi çekýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky: «Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler» diýen kadalarynda deňlik. ylalaşyk, arkalaşyk ýaly aňyrsynda jebisligiň we bitewi maksatlaryň duran kämil düşünjeleri görmek bolýar.
Dana şahyryň:
Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär,
Gylygyň bet bolsa, işiň jeň bolar —
diýen paýhasly setirlerini üns bilen okanyňda-da, türkmen halkynyň zandyna siňen parahatçylyk söýüjilik, ylalaşyklylyk, oňşuklylyk ýaly asylly häsiýetler hyýalyňa gelýär. Hut şu adamkärçilik ýörelgelerinden ugur alnyp hem Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär diýen kadalar orun aldy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan, adamyň we raýatyň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligini kepillendirýär* diýen kadalarynda akyldar şahyryň:
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul.
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul —
diýen ündewiniň wysaly görünýär. Sebäbi ile baş bolýan şahsyň hemmeler üçin deň nuruny paýlaýan Günüň alamatlaryny özünde jemlemegi eýýäm jemgyýet üçin deňhukuklylygyň dabaralanmagyny, döwletiň hemmeler üçin deň syýasatyny we kanunlaryny görkezýär.
Magtymgulynyň adamkärçilik ýörelgelerini özünde jemleýän öwütlerinde haýyrsahawatlylyk bilen baglanyşykly asylly häsiýetler eriş-argaç bolup geçýär:
Supra ýaýyp, nan dökmäge, Köňlüniň hümmeti gerek ýa-da
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli —
diýen setirleri okanyňda, gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň milli däpleriniň haýyr işle- ri amal etmek, duýgudaşlyk, dürli sebäplere görä, çylşyrymly durmuş ýagdaýlaryna düşen adama kömek bermek ýaly asylly ýörelgelere daýanýandygyna göz ýetirýärsiň. Häzirki döwürde milletiň üýtgewsiz ynsanperwerlik gymmatlyklary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda öz be- ýanyny tapýar. Türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, çagalaryň kanuny bähbitlerini goramagyň hem-de üpjün etmegiň hukuk kepillikler toplumy bu oňyn syýasatyň anyk durmuş ugurlydygynyň subutnamasy bolup durýar. Bu ulgamda amala aşyrylýan köptaraplaýyn işler ösüp gelýän nesil barada hakyky atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly. Gahryman Arkadagymyzyň ähli asylly başlangyçlary türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk parasatly hem-de ruhy-ahlak sütünleriniň mynasyp dowamyna öwrüldi.
«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederleri- miziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridim diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mä- täç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri entek uzak wagt geçme- digem bolsa, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýän netijeli işler ençeme ojaga, howandarlyga, goldawa mätäç ençeme çaganyň kalbyna sahawat nuruny eçildi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşim üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydy- gyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen haýyr-sahawat gaznasyna Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy hem ýerine düşen. şol bir wagtyň özünde. halkymyzyň arasyn- da uly goldaw tapan çözgüt boldy.
Göwnüňe degeni bagyşlamak, ýalňyşanyň günä- sini geçmek. ýolundan azaşany dogry ýola salmak hem haýyr-sahawatyň bir görnüşi bolup durýar. Şundan ugur alanyňda. ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň yzygiderli ynsanperwerleşdirilmegi, olarda bellenilen jogapkärçiligiň agyrlaşdyrylmagyna däl-de, ýeňilleşdirilmegine ähmiýet berilmegi, ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan şanly senelerde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekmegi we günäsi geçilen raýatlaryň azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadylmagy belent adamkärçilikden we haýyr işlerden nyşan bolup durýar.
Goç ýigitler yhsan etsin,
Yhsany reýgan gitmezmiş;
***
Ömür saly artar alkyş alanyň —
diýip. ylahy ylhamly dana Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasatyň, adalatly kanunlaryň, asylly işleriň netijesinde ýurdumyzyň binýady berk, halkymyzyň durmuşy abadan, asuda. Watanymyzyň parahatçylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary belent, beýik işleri rowaç bolsun!
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.