13.03.2024
— Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde toýlar-toýa ulaşýar. Ösüşleriň saýasynda uly ruhy galkynyşa eýe bolýan ýurdumyzyň her bir raýaty bu toýlara mynasyp zähmet ýeňişleri bilen gelýär. Maňa-da «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde toýlanylýan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanmak bagty nesip etdi. Bu döwlet sylagyna mynasyp bolmagym meni döwletimizde kanunçylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak we döwletiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly alyp barýan işlerimizde mundan beýläkde jan aýaman zähmet çekmäge, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny durmuşa geçirmekde mynasyp goşant goşmaga borçlandyrdy. Halkymyzyň abadan durmuşynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary aman, ilimiziň bagtyýar durmuşy dowamat-dowam bolsun!
Nowruz Amanow, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist