19.03.2024
Ýurdumyzyň şanly wakalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary döwlet syýasatynyň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary hem-de desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Goetzpartners Emerging Markets GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi hem munuň nobatdaky dabaralanmasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy Karary sebitlerimiziň sazlaşykly ösdürilmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň bütindünýä ýalkym saçýan buýsanjy bolan Arkadag şäherini ösdürmek babatdaky döwlet maksatnamalarymyzda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan bina bolan Arkadag şäherine sanly ulgamyň iň kämil çözgütlerini ornaşdyryp, halky hakynda alada etmegiň beýik nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Gunça Döwletowa, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.