23.03.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly buýsanç bilen garşylan agzybir halkymyz gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrunda zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezip, rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan il-ýurt, dünýä ähmiýetli başlangyçlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilip, täze-täze belent sepgitlere ýetilýär.
Ykdysadyýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylýan ägirt uly ösüşleriň netijesinde ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň sebitlerini düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň täze talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Günsaýyn gözelleşýän oba-şäherler, yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş ähmiýetli binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, özboluşly medeniýetini, sungatyny halkara derejede wagyz etmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaraly bellenilmegini munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde görkezmek bolar.
Goý, halkymyza hemişe rowaçlyklar ýar bolsun! Ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagy, täze ösüşleriň gazanylmagy üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.
Babahan Batyrow, Esenguly etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist