ÄHLI DÖWÜRLERIŇ RUHY HAZYNASY

05.04.2024

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy ýyllar geçdigiçe has-da güýçlenýär. Nusgawy şahyrymyzyň eserleriniň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Beýik Pyragynyň ХVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri ähli döwürlerde, şol sanda häzirki ajaýyp zamanamyzda hem durmuşda ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. 

Gündogaryň beýik akyldary özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny jebisleşdirmek, onuň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek taglymatlaryny öňe sürýär, adalatlylyk üçin göreşmäge, namartlygy, galplygy, ikiýüzlüligi ýazgarmaga çagyrýar.

Akyldar halkyň däp-dessurlaryna hormat goýan, olary kämilleşdiren, ahlak kadalarynyň berjaý edilmeginde juda uly orny bolan ynsandyr. Halkyň aňyny, niýetini ylym-bilim arkaly oňatlyga tarap öwürmek we şol esasda adalatly döwleti, ýaşaýşy gazanmak — şahyryň şygyrlarynyň baş ýol-ýörelgesi. Şonuň üçinem beýik söz ussadynyň eserleri ähli döwürleriň ruhy hazynasy bolup, asyrlardan- -asyrlara aşyp ýaşap ýör.

Beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligini dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Sapar Sa­parow, Gyzylarbat etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi