SANLY YKDYSADYÝET — ÖSÜŞLERE BADALGA

15.04.2024

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzda elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunda elektron söwda diýlip, elektron maglumat ulgamlaryndan, telekommunikasiýa aragatnaşyk torlaryndan we elektron amallaryndan peýdalanmak bilen, geleşikler edilende elektron resminamalaryň alşylmagy arkaly amala aşyrylýan uzaklykdan satmak arkaly edinilýän söwdanyň görnüşine düşünilýändigi görkezilýär. Şeýle hem elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, karz bank hyzmaty, saklamak, ätiýaçlandyryş, tabşyryk, eýeçiligiň ynanç haty esasynda dolandyrylmagy, bäsleşik, Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan beýleki geleşikler, şeýle hem telekeçilik işiniň çygrynda gaýry hukuklaryň, borçlaryň edinilmegi we amala aşyrylmagy ýaly ugurlaryň degişlidigi barada görkezilendir. Söwda işiniň onlaýn tertipde alnyp barylmagy hem-de alyjylar üçin internet dükanlarynyň döredilmegi haryt dolanyşygynyň sazlaşyklylygyny we üznüksizligini üpjün etmäge, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin hyrydarlygy öwrenmäge, hyzmatlaryň edilişini döwrebaplaşdyrmaga ýardam edýär. Soňky wagtda internet-dükanlaryň we olardan peýdalanyjylaryň sany barha artýar. Muny internet tory elýeterli bolan islendik ýerde we islendik wagtda harytlary deňeşdirip, erkin saýlamak we sargyt etmek mümkinçiligi bilen düşündirmek bolar. Elektron söwda satyjynyň we alyjynyň arasynda göni aragatnaşygyň bolmagyny üpjün edýär, wagt we nyrh taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi satyjylara öz harytlaryny mahabatlandyrmagy we ýaýratmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ulanyjylaryň internet toruna birikdirilmegi elektron usulda mahabat maglumatlaryny dessine ýaýratmak, satyjylaryň mahabatlandyrýan harydyna bolan gyzyklanmany artdyrmak hem-de ony bazarlarda öňe ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanda mahabat işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny we mahabaty öndürmegiň we ýaýratmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolsa «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär

Tehnologiýalardan we internetden peýdalanmak arkaly döreýän şeýle amatlyklar milli ykdysadyýetiň özüne çekijiliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunda hasaplaşyklaryň dürli görnüşleri, şol sanda telefon, internet ulgamlarynyň üsti bilen hasaplaşyklar geçirilýär. Görkezilen usullar milli kanunçylykda söwdanyň amala aşyrylýan görnüşi hökmünde kesgitlenip, «uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda» ýa-da «harydy uzaklykdan satmagyň (distansion) usulyna» degişli edilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy sarp edijiniň haryt ýa-da onuň nusgasy bilen gönüden-göni tanyşmagyna mümkinçiliginiň ýokdugyndan, ýagny kataloglar, prospektler, kitapçalar, fotosuratlar, aragatnaşyk serişdeleri ýa-da başga usullar arkaly saýlanylýandygyndan ybarat. Şoňa görä-de, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Ýurdumyzyň çäginde sarp edijiniň harydyň uzaklykdan satyn alnandaky hukuklaryny belleýän «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, internet-hyzmatlaryny etmek babatda işi kadalaşdyrýan «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «internet-dükan» düşünjesini kesgitleýän «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. «Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harydy uzakdan satmagyň usulynda sarp edijiniň haryt we ony öndüriji (satyjy) hakynda doly we ygtybarly maglumaty almagyna; gowy hilli we sarp edijiniň janyna, saglygyna, onuň emlägine, daşky gurşawa zyýan ýetirilip bilinmeginiň mümkinçiligi bilen bagly töwekgelçiligi bolmadyk harydy almagyna; milli kanunçylykda bellenen möhletlerde harytdan ýüz öwürmegine; harydyň wagtynda eltilip berilmegine degişli hukugyny kesgitleýär.

Ýurdumyzda bölek söwdany elektron görnüşde alyp barmagyň çäklerinde bu günki günde internet ulgamynda dürli görnüşli harytlar onlaýn görnüşde, eltip bermek hyzmaty bilen birlikde hödürlenilýär, hyzmatlaryň elektron bazary giňeýär. Milli söwda we hyzmatlar ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň we innowasiýa çözgütleriniň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde, söwda kärhanalarynyň esasy iş ugurlary awtomatlaşdyrylýar, harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligi ýokarlanýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» söwda we hyzmatlar ulgamyny sanlylaşdyrmak işiniň esasy ugurlary görkezilýär. Oňa laýyklykda, ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan öndürilen önümleriň (harytlaryň, hyzmatlaryň, işleriň) hili, bahasy, ýokumlylygy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliligini döwrebap ýola goýmak, şeýle hem söwda işiniň subýektiniň ählumumy internet torunda harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar goruny (internet-dükanlary) döretmek wezipe edilip goýuldy.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda döwrüň ösüşlerine laýyk gelýän, kämil kanunlar bilen berkidilen milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan strategik işler, kesgitlenen meýilnamalaýyn wezipeler elektron söwda ulgamynyň döwrebap geljegini üpjün etmäge ýardam eder.

 

Jennet ARAZOWA, Arkadag şäheriniň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist