19.04.2024
Ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy iňňän möhüm ähmiýete eýedir. Çünki Esasy Kanunymyz döwletiň jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň berk hukuk binýady bolmak bilen, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmegiň ygtybarly goragyny üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda, ählihalk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi hem-de ol rejelenen görnüşde kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda möhüm wakalaryň birine öwrüldi. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşinde «Prezident», «Watan» we «halk» diýen mukaddes düşünjeleriň bitewüligi doly beýanyny tapýar. Olar Garaşsyz, baky Bitarap türkmen döwletiniň ygtybarly ösüşiniň, rowaçlyklarynyň binýadyny emele getirýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini gazanmak, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny demokratiýalaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgamy kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň leşdirmek meseleleriniň berk hukuk binýady döredilip, bu ugurlarda Diýarymyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.
Türkmenler asyrlaryň dowamynda öz saýlan döwlet ýolbaşçysynyň daşynda mäkäm jebisleşmegi we döwlet bähbitli meseleleri el-ele berip, bilelikde çözmegi başaran halkdyr. Bu asylly ýörelgeler häzirki zaman ösen türkmen jemgyýetiniň hem özboluşly häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň konsepsiýasynda döwlet we onuň syýasy-jemgyýetçilik ulgamda tutýan möhüm orny giň den beýan edilendir. Mälim bolşy ýaly, türkmen halky köpasyrlyk taryhynda agzybir, asuda durmuşda ýaşamagy arzuw edip gelipdir. Milletiň bu arzuw-islegleri Garaşsyz türkmen döwletiniň ykrar edilmegi, milli döwletliligiň syýasy-hukuk şertleriniň döredilmegi netijesinde hasyl boldy. Esasy Kanunymyzyň: «Biz, Türkmenistanyň halky...» diýen jümleler bilen başlanmagy hem ýöne ýerden däldir. Bu sözlerde özbaşdak, erkin döwlet gurmaga ymtylan ençeme nesilleriň çuň ňur taryhy üznüksizligi, dowamatlylygy öz beýanyny tapýar.
Bu günki gün türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek boýunça Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sü ren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Oňa laýyklykda, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň, Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem-de wezipeleriniň kesgitlenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli başlangyçlarynyň netijesidir. Döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, möhüm özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, maslahatlary bermek, halkymyzyň agzybirligini, abadançylygyny berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleridir.
Berkarar Watanymyzyň döwletlilik binýadyny pugtalandyrmak, özygtyýarly ösüş ýoluny täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda dowam etdirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeleri hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatynyň mysalynda aýdyň görünýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz iň ýokary döwlet wezipesine girişen ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak arkaly halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmagy esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Öň de goýlan maksatlaryň birkemsiz berjaý edilýändigini Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen gi ňişleýin mejlisinde beýan edilen hasabatlaryň mysalynda-da anyk görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda ýurdumyzda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, 6,3 göterim artypdyr. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýyldaky bilen de ňeşdirilende, 7,5 göterim ýokarlanyp, jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň bolandygy aýdyldy. Şunda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi hem durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirilipdir. Bularyň ählisi ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öň de goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda sazlaşykly tagallalardan nyşandyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa ähli ugurlarda amal edilýän işleriň kämil hukuk binýadyny emele getirip, şol işlerde halkymyzyň, her bir raýatyň kanuny bähbitlerini nazara alýar we olaryň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Daýanç Kakabaýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji de rejeliýurist