31.05.2021
Jemgyýetiň döwrebap özgermeginde şahsyýetiň orny we täsiri örän uludyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gül açýan eziz ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň döwrebap, kämil ahlak keşbini emele getirmek, babatda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda köpugurly işler amala aşyrylýar. Çünki ahlakly, ýokary bilimli, giň düşünjeli nesiller ähli ugurlardaky oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Şonuň üçin hem ýaş nesliň ählitaraplaýyn terbiýesi jemgyýetde we döwletde bolup geçýän ähli zatlara gönüden-göni täsir edýän serişde hem-de güýç hökmünde ykrar edilýär.
1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda, çaga — bu dünýä inmezinden öň we soň ýörite goraga hem-de mähir-alada mätäç bolan, akyl we beden taýdan kemala gelmedik fiziki şahsdyr. 18 ýaşyna ýetmedik adamyň çaga hasaplanylýandygy üçin çagany goramaklygyň iň bir wajyp hukuk esaslary bu Halkara konwensiýasynda giňişleýin beýan edilýär. Onda çagany aýratyn söýgi we alada bilen gurşap alyp, daşky gurşawa, howpsuz zähmete, durmuş goraglylygyna bolan hukuklaryny amala aşyrmak bilen, onuň jemgyýetde we döwletde öz ornuny tapmagyna kömek etmek arkaly özbaşdak durmuşa gönükdirmek esasy maksat bolup durýar.
Halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda hem: «Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar» diýlip bellenilýär. Bu bolsa jemgyýetiň esasy özeni hasaplanýan her bir maşgalanyň bitewüligini üpjün etmekde, abadançylygyny we asudalygyny gorap saklamakda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň bimöçberdigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky Karary esasynda ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalara goldaw bermek maksady bilen, «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» döredildi we bu gazna milli Liderimiziň ady dakyldy.
Hormatly Prezidentimiziň ilkinji bolup şol haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdesini geçirmegi hem ata-babalarymyzyň ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek ýaly döwletlilik ýörelgeleriniň, iň ýagşy işleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ýagty geljegine bagyşlanandyr. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda her bir çaganyň aňynda baky ýatlama bolup galjak bagtyýar çagalygyň iň gowy arzuw-maksatlara beslenmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler sanardan köpdür.
Goý, her bir maşgalada eziz çagajyklaryň şadyýan gülki sesleri belentden-belent ýaňlansyn!
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli ägirt işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulhesel BERDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň
umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.