AÝDYŇ MAKSATLARYŇ ÝOLY BILEN

01.05.2024

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylmagyna ajaýyp şertleri döredýän tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu işlerde hormatly Prezidentimiziň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalary bar. 

Bu gün oba-şäherlerimiziň gözel keşbi, olarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulmagy, bagtyýar raýatlaryň okamagy we zähmet çekmegi, dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi öňde goýlan maksat bilen durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp sazlaşygynyň kepilidir. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygynyň bellenilmegi hem şundan ugur alýar.

Döwletimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladany öz içine alýar. Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän, ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň subutnamasydyr.

Goý, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!

Ahmet Baýra­mow, Balkanabat şäher prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.