04.05.2024
Dogrusy, sagdyn durmuşy esasy ýörelgämiz edinmek her birimiz üçin bagtyýarlygymyzyň eşret ýolunda abadan ýaşaýşyň kepilidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmaga gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolup, gowy netijeler gazanylýar. Neşekeşlige, arak horluga, çilimkeşlikdir naskeşlige garşy göreş jemgyýetimiziň mäkämligini, agzybirligini üpjün etmekden, halkyň saglygyny goramakdan ybaratdyr.
Neşekeşligiň halkymyzyň durmuşyndan ýok bolup gitmeginde gazanylýan üstünlik zyýanly endikleri aradan aýyrmakda alnyp barylýan işler bilen utgaşdyrylýar. Bu meselede prokuraturamyzyň işgärlerem düşündiriş-öňüni alyş işlerini yzygiderli geçirýärler. Sebäbi şeýle tagallanyň maksady geljekde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyny üpjün etmek bilen baglydyr. Şonuň üçinem biz guraýan çärelerimizde neşekeşlige baş goşmagyň kanun öňündäki jenaýat jogapkärçiligini düşündirip, zyýanly endikler dendaşda bolunmagynyň bähbitli taraplaryny wagyz-nesihat edýäris.
Nurgeldi Gurbanow. Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Mary prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.