HATYRALY HALYPA

10.05.2024

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýaşaýan Köşek Soltanmyradow geçen urşuň agyr kynçylyklaryny egninde çeken, şeýle hem iň ýaşuly hukuk goraýjy adam hökmünde tanalýar. Halypa hukuk goraýjy tizara özüniň 100 ýaşynyň toýuny toýlaýar.

Boldumsaz etrabynyň Bereketli geňeşliginde önüp-ösen Köşek aga 18 ýaşyny dolduran badyna, meýletinlik bilen Watan goragyna gidýär. Ilkinji harby taýýarlygy geçip, aňtawçy radiotelefonist (razwedkaçy) hünärini ele alýar. 3-nji Ukrain frontunyň 62-nji diwiziýasynyň düzüminde razwedkaçy bolup söweşe girýär. Harkow şäheriniň eteginde söweş ýoluna başlap, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesini faşistik basybalyjylardan azat etmäge gatnaşýar. Tä Berline çenli aralygy söweş bilen ädimme-ädim geçýär

Köşek aga aňtawçynyň ýeňil bolmadyk işinde aýratyn tapawutlanýar. Köp gezek gazaply söweşlere girmeli bolýar. Birnäçe gezek has möhüm söweş tabşyryklaryny ýerine ýetirip, özüniň ugurtapyjylygyny, batyrlygyny görkezýär. Beýik Watançylyk urşy ordeniniň I derejesi, «Şöhrat» ordeniniň III derejesi, söweşjeň medallar bilen sylaglanyldy. Gaýduwsyz esger söweş meýdanynda iki gezek ýaralandy. Ýarasyny bejerdenden soňra, ýene-de öňki aňtaw rotasyna dolanyp gel di.

Ýeňiş gününi Germaniýanyň Berlin şäherinde garşylan Köşek Soltanmyradow 1947-nji ýyla çenli harby gullukda boldy. Oba gelensoň, okap, hukukçy hünäri ni alýar. Soňam tä hormatly dynç alşa çykýança, hukuk goraýjy edaralarda, esasan hem prokuratura ulgamynda abraý bilen zähmet çekdi.

Köşek aga döwletli maşgalanyň atasy. Ol Aman daýza bilen 3 ogly, 5 gyzy terbiýeläp ýetişdirýär. Bu günki günde asyr ýaşly goja 16 agtygyna, 30 çowlugyna guwanýar. Döwlet li gojanyň nebereleri ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda abraý bilen zähmet çekýärler. Olaryň arasynda ata kesbini dowam etdirýänleri hem bar. Hukuk goraýjy işgärler ýowuz urşuň şaýady bolan halypa hukuk goraýjy bilen duşuşyp durýarlar. Onuň halypalyk maslahatlaryny diňleýärler, wagyz-nesihat çärelerine çagyrýarlar. Her ýylyň Ýeňiş baýramynda halypa hukuk goraýjynyň gujagy ter gül desselerinden dolýar. Hukuk goraýjy işgärler hem weterany Ýeňiş baýramy bilen gutlaýarlar.

 

Bilbil SAPAROWA, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi