14.05.2024
Döwletimiziň kanunçylyk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagy adam hukuklarynyň ähli zatdan belentde tutulmagyny üpjün etmegiň wajyp serişdesi bolup hyzmat edýär. Adam hukuklaryny üpjün etmek bolsa, raýat jemgyýetini gurýan her bir demokratik ýurduň esasy ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şerti bolup durýar.
Dürli ugurlarda, şol sanda ylym-bilim babatynda kabul edilýän resminamalar, amala aşyrylýan oňyn özgertmeler giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlaryny terbiýelemekde bilim işgärleriniň has netijeli işlemeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda barha kuwwatlanýan ata Watanymyzda guwandyryjy ösüşleriň gazanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyny ylmy esasda kämilleşdirmek we ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagy bilen hem berk baglanyşyklydyr.
Goý, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Yhlas Öräýew, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurorynyň tälim alyjy uly kömekçisi.