17.05.2024
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ylym, tehnika we innowasion ösüş babatda derwaýys wezipeler kesgitlenendir. Munuň özi bu ugurda ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylymly ýaşlar ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir, halkymyzyň nurana ertirine bolan parlak umydydyr, türkmeniň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mertebeli dowamatydyr» diýen parasatly sözlerini durmuşa ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanylýar.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmaklaryny gazanmak üçin oňyn mümkinçilikler döredilýär.
Bu babatda Türkmenbaşy etrabynda hem gaýragoýulmasyz işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn» diýen sözlerinden ugur alnyp, durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmaga uly ähmiýet berilýär.
Ajaýyp döwürde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işlere badalga berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Babanepes Ballyýew, Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.