24.05.2024
—Milli Liderimiziň baý durmuş tejribesinden, giň dünýägaraýşyndan, egsilmez pähim-paýhasyndan dörän dünýä nusgalyk kitaplary ýaş nesillerimizi terbiýelemekde, olaryň kalbynda asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly duýgularyň kemala gelmeginde möhüm orna eýedir. Bu ajaýyp kitaplar halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän özboluşly söz hazynasydyr. Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň miras goýan milli ýolunyň häzirki jemgyýetiň aňyýet ösüşinde düýpli orun almagy barada paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary milli ruhuň belentliklerinden gözbaş alýan tereň çeşmeleri ýada salýar. Pederlerimiziň Watana wepalylygy il-halka belent söýgüsi adamkärçiligiň belent nusgasyny görkezýär. «Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň ýoly halkymyzy beýik geljege, täze öňegidişliklere ruhlandyrýar. Öňegidişlik bolsa taryhy, milli köklere daýanmak bilen aýrylmaz baglydyr. Halkymyzyň abadan durmuşynyň hatyrasyna nesillerimiziň mynasyp bilim-terbiýe almagy üçin döwletimizi hemmetaraplaýyn kuwwatlandyrmagyň ygtybarly ýollaryny giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Parahat Şamuradow, Ahal Welaýatynyň Babadaýhan Etrap Prokurorynyň Uly Kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.