ÇAGANYŇ DOGLUYŞNYŇ DÖWLET TARAPYNDAN BELLIGE ALYNMAGY

28.05.2024

Türkmenistanda doglan her bir çaganyň dogluşy hökmany ýagdaýda döwlet belligine alynmalydyr we dogluş hakynda şahadatnama berilmelidir. Çaganyň dogluşy hakynda dogluşyň bolup geçen saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen görnüşde resminama berilýär. Eger-de çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda dogulsa, onda lukmançylyk kömegini beren işgäriň işleýän ýa-da çaganyň ejesiniň çaga doglandan soň ýüz tutan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan çaganyň doglandygy hakynda resminama berilýär. Çaga saglygy goraýyş edarasyndan daşarda doglup, lukmançylyk kömegi berilmedik ýagdaýynda, çaganyň doglan wagty ýanynda bolan adamyň arzasynyň üsti bilen çaganyň doglandygy hakynda resmina maberilýär. 

Dürli sebäplere görä, çaga ata-enesiniň raýatlygynda duran döwletiniň daşynda hem dünýä inip bilýär. Şonda kämillik ýaşyna ýeten hossar Türkmenistanyň raýaty bolan halatynda, oňa daşary ýurtda doglan çaganyň degişli döwletiň raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet belligine almaga ygtyýarly edilen edaralary tarapyndan dogluş hakynda şahadatnamasy berilýär. Çaganyň doglandygyny tassyklaýan beýleki subutnamalar (resminamalar) dogluşy döwlet belligine almak üçin esas bolup bilýär.

Haçan-da saglygy goraýyş edarasynda doglan çaganyň ejesiniň pasporty (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasy) bolmadyk ýagdaýynda, doguma gatnaşan işgärler tarapyndan ykrarnama düzülýär we ol saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçysynyň goly we edaranyň möhüri bilen berkidilýär.

Maksat Kulyýew, Aşgabat şäher prokuraturasynyňulaglarda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.