YS­NYŞYK­LY­ GATNA­ŞYK­—­BAGTYŇ ­KEPILI

04.06.2024

Raýat jemgyýetimiziň jebisligi, ilkinji nobatda, maşgalalaryň agzybirliginden, mäkämliginden başlanýar. Munuň üçinem maşgalada är aýalyň hukuklaryna we borçlaryna gowy düşünip, olary talaba laýyk berjaý etmekleri zerurdyr. Şeýle gatnaşyklaryň kämil kanunçylygy bolsa, Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde kesgitlenendir. Çünki, maşgalanyň agzy birligi, çagalaryň döwrüň talabyna laýyklykda ösüp-ulalmaklary, terbiýelenmekleri üçin är-aýalyň özara ylalaşykly we ysnyşykly gatnaşyklary derwaýys bolup durýar. 

Gürrüňi edilýän Kodeksiň 8-nji babynyň 49-njy maddasynda är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýandygy kesgitlenilýär. 50-nji maddanyň 1-nji ben dinde bellenilişi ýaly, är-aýalyň maşgala gatnaşyklarynda deň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bardyr. Şu maddanyň beýleki bentlerinde çagalary terbiýelemegiň, olaryň bilim we maşgala durmuşynyň, beýleki meseleleriniň är-aýalyň deňlik ýörelgesinden ugur alnyp çözülýändigi, maşgalada är-aýalyň öz gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, kömek bermek esasynda gurmaga, maşgalanyň abadançylygyny pugtalandyrmaga we çagalaryň hal-ýagdaýy, ösüşi barada aladalanmaga borçludyklary bellenilýär. Şu Kodeksiň 9-njy babynyň maddalarynda är-aýalyň emläge eýeçilik etmek bilen bagly kanun çylyk kadalary kesgitlenendir. Ajap eýýamymyzyň bu Kodeksinde gürrüňi edilýän möhüm meseläniň kämil kanunçylyk çözgütleri düzgünleşdirilendir.

Seýitmyrat Arbapow. Mary şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi, ýustisiýanyň geňeşçisi.