18.06.2024
Maşgala jemgyýetiň bir düzüm bölegi bolup, ilkinji özara gatnaşyk lar onda döreýär we kämilleşýär. Berk maşgalany kemala getirmek babatynda pederlerimiz bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar. Şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinde türkmen zenany maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň gönezligi, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy hasaplanypdyr. Zenanlar geçmişimiziň buýsanjy, şu günümiziň guwanjy, geljegimiziň ynamy bolup, iň asylly häsiýetleri özlerinde jemläp, maşgala mukaddesliklerimizi gorap saklamak bilen, paýhaslylykda, edep-ekramlylykda, salyhatlylykda, asylzadalykda, gaýduwsyzlykda, wepalylykda, watansöýüjilikde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülipdir.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasyna laýyklykda, maşgala — bu adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan, çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip bellenilmegi biziň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimizde çagalaryň maşgalada terbiýelenip, maşgalanyň bolsa döwlet tarapyndan goldanylýandygyny dabaralandyrýar.
Maşgala gatnaşyklarynda ilkinji berjaý edilmeli kadalaryň biri-de, nikalaşan jübütleriň bir-birlerini sylamagy, hormatlamagy maşgalanyň her bir agzasynyň öz pikirini aýtmaga hakynyň bardygyny hem-de onuň pikirine beýlekileriň hormat goýýandygyny bilmeginden ybaratdyr. Durmuşda nähili mesele ýüze çyksa-da, çagalar ony maşgala agzalarynyň arasynda aç-açan aýdyp bilmelidir. Munuň üçin ene-atalar, öz gezeginde, çagalar üçin bu ýagdaýy, ýagny amatly pursady döretmegi, gündelik işiň argynlygyna garamazdan, çagalary diňlemegi, olar bilen gyzyklanmagy, bile wagt geçirmegi başarmalydyrlar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserindäki käbesiniň gyzlary bilen bile oturyp keşde çekýändikleri, jorap örýändikleri baradaky ýatlamalary ene bilen çaganyň arasyndaky mizemez we sarsmaz gatnaşygyň täsirli beýanydyr. Aslyýetinde, dünýäde eneler haçan bagtly bolýarlar? Elbetde, perzentleri il-günüň derdine ýarap, ynsanlaryň alkyşlaryna mynasyp bolan halatynda. Il-günüň asudalygyny, halk agzybirligini, halal zähmetiň dabaralanmagyny ündän, ýurduň ykbalyny öz perzentleriniň ykbalyndan aýry görmedik mähriban käbe — Ogulabat eje ömürlere nusgadyr. Milletiň enelerine, gelin-gyzlaryna ýagşylykda, halallykda, asyllylykda, pespällikde, mähribanlykda, işeňňirlikde, adamkärçilikde görüm-görelde bolup, olara beýik döwre görä ýaşamaga, döretmäge, Watan diýen mukaddesligi gözleriniň görejine deňäp söýmäge itergi beren bu mähriban käbäniň nusgalyk işleri her bir zenanyň hakydasynda janlanýar, ýüreklerde ýaşaýar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serker debaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli asylly işleri hemişe rowaç bolsun!
Sähragül Aşyrowa, Balkan welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi