05.06.2021
Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararynyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Resminama sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegine, bar bolan düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, welosiped sporty bilen meşgullanmaga ilatyň giň köpçüliginiň çekilmegine uly itergi berýär.
Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy boldy. Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara çäreleriň bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldanylýandygyny tassyklady. Bu bolsa milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Müňlerçe türkmenistanlylary özünde jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy indi birnäçe ýyldan bäri asylly hem-de halk ähmiýetli däbe öwrüldi. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr.
Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran, olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir. Onuň taryhy 1869-njy ýylda Fransiýanyň Pariž we Ruan şäherleriniň arasynda geçirilen ilkinji iri ýaryşlardan başlanýar. Türkmenistanda hem bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. Welosportuň taryhy öz gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Bu jemgyýetiň döredileninden bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen welosport üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Şol resminama ýurdumyzda welosporty höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmäge gönükdirilendir.
2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde «Bütindünýä welosiped gününe» bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw saglyk sapagynyň geçirilendigini we bu ugurda «Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak» güwänamasynyň gowşurylmagy hem-de dünýä rekordynyň gazanylandygyny ýatlamak buýsandyryjydyr. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirilip, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdi. Geçen ýyl Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk goşýan «Welosiped» binasy açyldy. Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň baý taryhyny we häzirki döwürde ýeten derejesini özünde jemleýän bu bina paýtagtymyzyň binagärlik gözelligini artdyrdy. «Welosiped» binasy Ýer togalagynyň şekilinde bolup, ol türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň taryhynda öçmejek yz goýandygyny alamatlandyrýar. Binada döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň nyşany bolan zeýtun şahajygy, ahalteke bedewleri, welosipedçileriň şekilleri özboluşly sazlaşygy döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu binada türkmen halkynyň ýokary ruhy göterilişi, onuň umumadamzat gymmatlyklaryna we halkara sport hereketine bolan ygrarlylygy, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadamy çeper beýan edilýär. Bu taryhy waka ilatymyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak endiklerini ösdürmek, olaryň saglygyny we ruhubelentligini berkitmek ýaly aýdyň maksatlaryň eziz Diýarymyzyň geljegine gönükdirilen beýik işleriň subutnamasydyr.
Sport bilen meşgullanmagyň bedeni berkidýändigi hemmämize mälimdir. Şolaryň biri hem welosipedli gezelenç etmekdir. Welosport sagaldyjy bedenterbiýäniň bir görnüşidir. Çagalar özüniň beden taýdan ösüşini gowulandyrmak, uly ýaşly adamlar bolsa öz saglyklaryny berkitmek üçin welosport bilen meşgullanýarlar. Üstünlige bolan ynamy pugtalandyrýan, türgenlere güýç toplamaga ýardam berýän welosiped sporty islendik adam üçin hem peýdalydyr.
Maýsa KURBANOWA, Mary welaýatynyň prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly
kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.