24.06.2024
Güneşli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş tutanlygynda amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilen «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky maksatnamalarymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biziň daşky gurşawy goramak baradaky syýasatymyz — döwletimizde amatly ekoulgamy üpjün etmekden, bio dürlüli gigorap saklamakdan, galyndysyz önümçilik ýa-da az galyndyly önümçiligi goldamakdan, bu babatda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini, ekologiýa diplomatiýasyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» özeninde hem hut şu wezipeler orun alandyr.
Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki zamanyň ekologiýa ylmyny baýlaşdyr ýan çeşmeler halk paýhasynda hem ykrar edilendir. Ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky hekaýatlardyr rowaýatlar durmuşyň inçelik bilen akyl ýetirilen göwherleridir. Şonuň üçin mili terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýlip bellenilýär. Bu hakykat halk döredijiligimizde-de, edebi mirasymyzda-da ykrar edilýär. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem türkmen tebigatynyň täsinlikleri milli terbiýe bilen utgaşdyrylyp, inçelik bilen suratlandyrylýar. Bu babatda şahyr:
Öňün de belent dag, serin de du man,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň,
Bulut oýnap, dolsa çaýlara baran,
Akar boz bulanyp sili Gürge niň —
diýip, türkmen tebigatynyň gözelliklerini wasp edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda eden çykyşynda: «Birek-birege hemaýat etmek, hormat goýmak, birek-biregiň gadyryny bilmek, ejize ganym bolmazlyk halkymyzda mydama ýörelge bolup gelendir. Beýik Magtymgulynyň:
Bir biçäre — ýalňyz kişä
Sütem eýläp, zor olmagyl! —
diýen çuň manyly setirlerine üns beriň!» diýip, akyldar şahyryň goşgularyndan mysal getirmegi ýaşlarymyzy pederleriň terbiýe mekdebine gönükdirdi.
Şahyryň «Türkmeniň» atly goşgusy halkymyzyň gylyk-häsiýetiniň ajaýyp şöhlelenmesidir. Bu goşgy şahyryň öz halkyny bütin dünýä tanatmakda edebi çeşme bolan we milletiň terjimehalyna öwrülen goşgudyr. Magtymguly Pyragynyň:
Haksylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpyn şar çölünde neri, maýasy,
Reň be-reň gül açar ýa şyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň —
diýen setirleri aňymyza müdimilik ornaşandyr.
Türkmen ýaşlary Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusynda beýan edilýän filosofik mazmuny höwes bilen öwrenýärler. Şahyryň öwüt-ündew, watançylyk, tebigata söýgi, edepekram baradaky goşgulary ýaşlarymyz üçin uly ýol-ýörelgedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 17-nji awgustynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi ýaşlarda uly buýsanç döretdi.
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas umumany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip, türkmen akyldarynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy hem ýöne ýerden däldir. 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzüm birligi bolan ÝUNESKO tarapyndan Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna goşulmagy Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan çuňňur hormaty has-da dabaralandyrdy.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi, onuň çuňňur filosofik mana ýugrulan goşgy setirleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýä tarapyndan öwrenilip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many mazmunyny has-da baýlaşdyrar.
Göwher Hydyrowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik
bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist