28.06.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakyndaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, her bir raýat üçin iň amatly ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlar adamlaryň durmuş, zähmet we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Şunda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyna hem aýratyn uly ähmiýet berilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda hereket edýän «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle-de harby gullukçylaryň we harby gullukdan boşan raýatlaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy babatda döwlet syýasatynyň esaslaryny kesgitleýär.
Agzalan Kanunda harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylara alan hünär derejesine, gulluk edende gazanan netijelerine laýyklykda we bäsdeşlik esasynda harby wezipeleri eýelemek hem-de wezipesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly täze gulluga geçirilmegi, harby gullugyň bähbitlerini hem-de özleriniň islegini nazara alyp, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, raýatlaryň çagyryş boýunça we borçnama boýunça harby gullukda bolan wagtyny olaryň umumy zähmet iş döwrüne hem-de hünäri boýunça iş döwrüne goşulmagy ýaly zähmet kepillikleri bellenilen.
Harby gulluk borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda wepat bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň deň derejeli iş önümçiliginde we hünär derejesinde iş ýerleri ýa-da işgärleriň sany gysgalanda, işde galmakda artykmaçlyklardan peýdalanmak hukuklary agzalan Kanunda bellenilýär. Şeýle hem iş bilen üpjün edýän edaralar tarapyndan hünär taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmaga we gaýtadan taýýarlamaga ilkinji nobatda iberilmegi, şeýle-de harby gullukçylaryň çagalaryna arza bilen ýüz tutulandan soň, bir aýyň dowamynda mekdebe çenli bilim bermegi üpjün edýän edaralarda orunlaryň berilmegi ýaly artykmaçlyklaryň hem degişli Kanunda görkezilmegi harby gullukçylaryň durmuş goraglylygynyň hukuk kepillendirilmesidir.
Harby gullukçylara hem-de olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna täze harby gulluk ýerine gelen gününden başlap, üç aýdan gijä galman, döwlete degişli bolan ýaşaýyş jaý gaznasyndan ýaşaýyş jaýy bermek, harby gullukçylaryň harby gullugyň ilkinji bäş ýylynda gulluk jaýy ýa-da umumy ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilendigine garamazdan, olaryň harby gullugyna girmezden ozal eýeleýän ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugynyň olarda we olaryň maşgala agzalarynda saklanyp galmagy, şeýle-de olar harby gulluga çagyrylmanka, ýaşan ýerlerinde özleriniň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçleriň sanawlaryndan çykarylyp bilinmeýändigi barada hereket edýän kadalar hem harby gullukçylaryň hukuk goraglylygynyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet binýadyny berkitmekde, berkararlygyny abat saklamakda harby gullukçylara möhüm orun degişlidir. Şu jähetden, hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bu Watan mertleriň Watanydyr! Siz bolsa şu topragyň gerçek ogullarysyňyz. Eziz Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatyna hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerine berk eýermek siziň her biriňiz üçin mukaddes borç bolmalydyr. Siz döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, konstitusion gurluşyny, milli gymmalyklarymyzy goramak, jemgyýetimiz de hukuk tertibini pugtalandyrmak, kanunçylygy has-da berkitmek ýaly belent maksatlardan ugur almalysyňyz» diýip belleýär. Şu belent ynamy ödemekde, jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde, Watana ak ýürekden gulluk etmekde her bir Watan goragçysyna üstünlikler ýar bolsun. Goý, hemişe asmanymyz arassa, ýurdumyz abat, halkymyz agzybir, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Nurmämmet Annaberdiýew, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Harby müdirliginiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi