GAZ WE ELEKT­RIK ENER­GE­TI­KA­SY PU­DA­GYN­DA TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ GEL­JE­GI ULU­DYR

01.07.2024

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hasda üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir mil­let — iki döw­let» ýö­rel­ge­sin­den ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. 

Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda energetika senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem giň mümkinçilikler döreýär. Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meseleler özüniň oňyn çözgüdine garaşýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen aýyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan gor mümkinçilikleri boýunça ynamly hyzmatdaşdyr. Şunda iri «Galkynyş» gaz känini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Geçirilen soňky audite görä, bu gaz käniniň gory 27 trillion kub metrden hem köpdür. Türkmenistan öz tebigy gazyny birnäçe döwletlere iberýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, önüm öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň arasyndaky sazlaşyk energetika hyzmatdaşlygynda möhüm görkeziji bolup durýar. 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini hem ýeri gelende bellemelidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen «mawy ýangyjyny» Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler bardyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlykda elektrik energetikasy pudagynyň hem geljegi uludyr. Hazar deňziniň kenar ýakasynda gurulýan, kuwwaty 1574 megawat bolup, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasy bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, ony doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berer.

Toýly Ataýew, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap prokuraturasynyň prokurorynyň kömekçisi.