BEÝIK USSADYŇ SARPASY

05.07.2024

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Gün­do­garyň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­ýär. Bu aja­ýyp se­ne my­na­sy­bet­li ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­rylýan baý ma­ny-maz­mun­ly çä­re­ler be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň adam­za­dyň ru­hy me­de­ni­ýe­ti­niň ha­zy­na­sy­na gi­ren baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de hem-de bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek­de örän äh­mi­ýe­tli bo­lup dur­ýar. 

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­masy­nyň «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň 2024-2025-nji ýyl­lar­da ÝU­NES­KO bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­jek şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýyl «Tür­ki dün­ýä­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi üs­tü­miz­dä­ki şan­ly ýyl­da ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­ýar.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Her bir halkyň be­ýik­li­gi onuň öňe çy­ka­ran, dün­ýä be­ren şah­sy­ýet­le­ri­niň be­ýik­li­gi­ne ba­ra­bar bol­ýar. Kö­ňül­le­riň we dö­wür­le­riň şa­hy­ry, adam­za­dyň iň gö­zel, iň tä­miz duý­gu­la­ry­nyň aý­dym­çy­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men hal­kynyň ru­hy be­ýik­li­gi­dir. Be­ýik şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip bel­le­mek bi­len, da­na ata­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ne, ede­bi-mi­ra­sy­na uly sar­pa goý­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Kö­pet­da­gyň dag ete­gi­niň aja­ýyp ýe­rin­de türk­mene de­bi­ýa­ty­nyň par­lak ýyl­dy­zy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň döre­dil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Şu şan­ly ýyl­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyl­jak bu top­lu­myň çä­gin­de da­şa­ry ýurt­la­ryň meş­hur şah­sy­ýet­le­ri­niň, gör­nük­li ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň we söz us­sat­la­ry­nyň heý­kel­le­riniň otur­dylma­gy bol­sa, halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gy­ň, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gatnaşyklarynyň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny bo­lup da­ba­ra­lan­ýar.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan ber­ka­rar döw­le­tin­de ýa­şa­mak, ta­ry­hy wa­ka­la­ra, be­ýik ösüş­le­re şa­ýat bol­mak, döw­let­li iş­le­re go­şant goş­mak tü­ke­nik­siz bag­ty­ýar­lyk­dan ny­şan­dyr. Şeý­le aja­ýyp döw­re ýe­ti­ren, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň ka­nun esa­syn­da ber­ki­dil­me­gi, ebe­di­leş­di­ril­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za bagt­dan paý­ly il­deş­le­ri­mi­ziň al­kyş­la­ry çäk­siz­dir.

Çynar Imamgulyýew, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň Sülçüsi, 2-nji Derejeli Ýurist