09.07.2024
Gahryman Arkadagymyz nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň döredijiliginiň asyrlar aşyp gelen baý edebi mirasy, dürdäne eserleri ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekdäki möhüm ähmiýetini nygtamak bilen, akyldarlarymyzyň parasatly sözleriniň, nusgawy şahyrlarymyzyň manyly goşgularynyň türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň belent waspy bolup köňüllere dolýandygy barada parasatly nesihatlary ündeýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalary bilen milli edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň watançylygy, halallygy, agzybirligi ündeýän goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berilýär.
ХIХ asyrda ýaşap geçen Gurbandurdy Zelili türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dowam edip, ägirt uly döredijilik mirasyny galdyrdy. Zeliliniň poeziýasy hakyky manysyndaky halk poeziýasydyr. Zelili Magtymgulynyň watançy lylyk, ynsanperwerlik, öwüt-nesihat häsiýetli pikirlerini dowam etdirip, şol pikirleriň edebiýatda kämilleşmegine öz mynasyp goşandyny goşupdyr.
Şahyryň watançylyk, gahrymançylyk temasyndaky goşgulary özüniň beýik çagyryşlary bilen ýigitlerimizde mertligi, belent adamkärçiligi, yhlaslylygy terbiýelemekde uly äh miýete eýedir.
Gurbandurdy Zeliliniň «Başdan bellidir» atly goşgusynda:
Boljak ýigit ýaşlykdan,
Ol owwal başda bellidir;
Ula-kiçä özün aldyr,
Deň bilen duşda bellidir —
diýen setirleri Watan goragçylaryna mertli giň, gaýduwsyzlygyň ruhy güýjüni berýän täsirlere ýugrulypdyr.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýegeni, watançy şahyr — Gurbandurdy Zeliliniň serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi bilen ýakyn dostlukda bolandygy bolsa, ýaşlarymyzyň watançylyk, dostluk duýgusyna has ýiti täsir edýär.
Milli medeniýetimiziň we edebiýatymyzyň düýpli öwrenilmegi, onuň täze öwüşginler bilen baýlaşmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!
Batyr Mämmedow, Ahal welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.