22.07.2024
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty Garaşsyz döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edilen Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu syýasaty hoşniýetli goňşuçylyk, parahatsöýüjiligiň, bütin dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasaty bolany üçin dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýar. Şol bir wagtda Bitaraplygymyz halkymyzyň parahat, asuda durmuşynyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň BMG we beýleki iri halkara guramalary, dürli ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Özara bähbitli we deňhukukly söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň rowaçlanmagyny äşgär edýär. Bitarap Türkmenistanymyzyňöňesürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl—Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara derejesinde taryhy waka boldy. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň giň goldaw tapýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Serdar Suhanow. Tagtabazar etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.