28.07.2024
Danalar adamyň zähmet bilen diňe bir ruhy dünýäsiniň päklenmän, eýsem, ýüzüniň hem röwşenlenýändigini aýdyp geçipdirler. Eger şeýle bolsa, onda ynsan ýaşaýşyny gözelleşdirýän, onuň ömrüne many çaýýan zat hem zähmet bolsa gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynda eden çykyşynda: «Zähmetsöýerlik hazynadyr! Zähmetsöýerlik bagtdyr! Zähmetsöýerlik rahatlykdyr! Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!» diýip, halal hem päk zähmet hakda örän jaýdar belledi.
Zähmet barada söz açylanda, sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, gaýtalanmaz derejede gözellige beslenen ajaýyp Arkadag şäheri göz öňüňe gelýär. Bu şäheriň waspyny beýan etjek bolanyňda, birbada tolgunýarsyň. Çünki şäheriň ýagty gündizini, nurana gijesini, hoştap howasyny, asuda ýollarynyň dürli reňkli yşyklandyrylyşyny, binalarynyň özboluşlylygyny taryplap, uly bir eser döretmek mümkin.
Hakykatdan hem, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjiliginden we hyjuwyndan dörän ajaýyp şäherde bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir. Megataslama hökmünde özüni dünýä tanadan «akylly» şäherde innowasion tehnologiýalaryň, sanly çözgütleriň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy her bir adamy haýran galdyrýar. Hut şonuň üçinem, Gahryman Arkadagymyzyň ylahy ylhamyndan, ýüreginiň töründen syzylyp gaýdýan çözgüt hökmünde bu ajaýyp şäher ähli babatda täzeçil talaplara eýe.
Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa şäher. Tekiz köçeleri, ýol bezegleri, ekilen agaç nahallary, ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşy şähere giren badyňa göwnüňi göterýär.
Ak mermere beslenen Arkadag şäheri — ýaşlaryň, ýaşlygyň şäheri. Birbada köpsanly amatly täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, şäherde ýaşlygyň şypaly şemaly öwüsýän ýaly duýulýar. Özide, şäheriň gurluşyk we taslama işlerine ýaşlaryň hem çekilmegi, olaryň oýlaptapyjylyk ukyplaryndan peýdalanylmagy, şäher gurluşyk ulgamynda olaryň tejribe toplamagy üçin uly mekdepdir. Arkadag şäheri Milli Liderimiziň ýaşlara döredip beren uly mümkinçilikler toplumydyr. Bagtyýar ýaşlarymyz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak babatda hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Geljegi has-da uly bolan bu şäherde ýaşaýan, zähmet çekýän adamlaryň bagtyýarlygyny synlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly şygrynyň şeýle setirleri zybanyňa dolýar:
Asman-Zemin arasy —
Giň dünýämiz parahat!
Güller açsyn gül Watan,
Köňüller bolsun rahat!.
Göwher Hydyrowa, Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň bölüm müdiri, 1-nji derejeli ýurist.