DAŞKY GURŞAWYŇ GORAGYNDA

30.07.2024

Döwletimiziň milli hem-de umumadamzat bähbitlerini nazara alýan oýlanyşykly ekologiýa syýasaty tebigy gurşawyň ýokary hilini üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmäge, ekologiýa howpsuzlygyny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga uly ünsüň berilmegi bilen Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji, 15-nji we 53-nji maddalarynda berkidilen konstitusion kadalara laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goraýyş kanunçylygynyň yzygiderli ulgamy döredildi. Ulgamyň esasy wezipesi döwletimiziň tebigy gurşawy goramaga, baýlyklaryny aýawly peýdalanmaga we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmaga gönükdirilen syýasatyny hukuk taýdan üpjün etmäge gönükdirilendir.

Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda: «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramaga, onuň baýlyklaryny aýawly peýdalanmaga we ekologik ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga gönükdirilen ekologik syýasaty muňa amatly şert döredýär.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tokaý, Sanitariýa, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri, «Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Uglewodorod baýlyklary hakynda», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki degişli hukuk namalary kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli ekologiýa syýasaty, Türkmenistanda tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagy ýola goýmak üçin tokaýlaryň goralyp saklanylyşyny, peýdalanylyşyny, köpeldilişini kämilleşdirmek meseleleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejeli halkara maslahatlarda öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmak bilen, birnäçe halkara resminamalarynyň kabul edilmeginde binýatyk esas bolup hyzmat etdi.

Tebigatdan bilelikde jogapkärçilikli peýdalanmak häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä bileleşigini hut şuňa çagyrýar. Bularyň ählisi, birinjiden, Türkmenistanyň diňe bir öz çäginde däl, eýsem, sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýandygyny, ikinjiden, bu meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berýändigini alamatlandyrýar.   Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda işlenilip düzülen her bir kanun ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleriň gazanylyp, halkymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmekde, milli kanunlarymyzy kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.