05.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň altyn sahypasyna öwrülen 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde görlüp-eşidilmedik toý tutulyp, halkymyzyň göwün islegini alamatlandyrýan, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylyşy boldy.
«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu döwrebap şäher üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär. Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär.
Şäheriň hukuk ýagdaýyny, şeýle hem wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýän ýörite kanunyň kabul edilmegi onuň döwletimiz üçin möhüm ähmiýetini we özboluşly aýratynlygyny görkezýär. Şähergurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäheri halkara merkezleriň birine öwürmek, geljekde depginli ösdürmek, şäherde durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp häsiýeti, halkara derejede geçiriljek çäreleriň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, Arkadag şäherinde Kärizek we Gorjaw etraplarynyň döredilmegi, öňde goýlan wezipeleriň ýokary derejede amala aşyrylmagyna badalga boldy.
Arkadag şäheri dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlary bilen milli binagärligiň ajaýyp nusgalarynyň sazlaşygyny emele getirýän kämil şäherdir. Bu hakykat häzirki döwürde sebit we dünýä derejesindäki abraýly halkara guramalary tarapyndan ýurdumyzyň okgunly ösýän ykdysadyýetine berilýän ýokary baha bilen şöhlelenýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär» diýip belleýär.
Hakykatdan-da, täze şäheriň ýollaryny, ýanýodalaryny, duralgalaryny, binalaryny, desgalaryny, seýilgäh zolaklaryny, ýadygärliklerini, tutuş durkuny synlanyňda, adamyň bagtyýar durmuşy we tebigatyň abadançylygy baradaky alada duýulýar. Mümkinçiligi çäkli adamlar üçin döredilen giň şertler, elektrik energiýasynda işleýän jemgyýetçilik ulaglary, «akylly» ulgamlar bilen üpjün edilen edara-kärhanalaryň, okuw mekdepleriniň binalary, ýaşaýyş jaýlary, hyzmatlar ulgamynda peýdalanylýan häzirki zaman tehnologiýalar asyrlara barabar ösüş-özgerişleriň nyşanydyr. Tutuş sebitde ilkinji «ýaşyl» we «akylly» şäheriň hut biziň ýurdumyzda gurlandygyna her bir raýatyň buýsanjy çäksizdir.
Akmyrat Ataýew, Sakarçäge etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.