TEBIGATY GORAMAGYŇ HUKUK ESASLARY

14.06.2021

Tebigatyň jana ýakymly howasy, derdiňe müň bir derman bolan şypaly we hoşboý ysly ösümlikleri, göwnüňi göterýän beýik daglary, kalbyňy heýjana salýan dury suwly çeşmeleri, egsilmez baýlyk eçilýän ymgyr giň sährasy bahasyna ýetip bolmajak baýlyklardyr. Bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan ýurdumyzyň täsin tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, dagyny, düzüni, sährasyny, deňiz-derýalaryny, ýerüsti, ýerasty baýlyklaryny gorap saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýlip berkidilýär.

Esasy Kanunymyzyň öňde agzalan maddasyna laýyklykda: «Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr». Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa arassaçylygyny berjaý etmek, köpçülikleýin bag ekmek, tebigata zyýan beräýjek zatlaryň öňüni almak, ýaş nesle tebigaty söýmegi öwretmek ýaly çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini her bir pursatda görmek bolýar.

 Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Zeminiň abatlygyny gorap saklamak wezipeleri adamyň her bir hereketi bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi bu durmuşyň köp ulgamlaryny özünde jemleýär. Suwa, ýere aýawly garaýyşlary özleriniň ynançlaryna siňdiren pederlerimiziň nesihatlary we göreldesi biziň üçin many alarlykdyr» diýlip bellenilýär. Bu nesihatlar we göreldeler her bir çaganyň aňynda tebigaty söýmek, ony gözüň göreji ýaly goramak ýaly garaýyşlary, pikirleri kemala getirmek üçin terbiýeçilikde giňden ulanylypdyr.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, her bir damjasy zere deňelýän suwy aýawly ulanmak barada ençeme işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu babatda döwletimiziň eýeleýän ornuny halkara derejeli forumlarda hem giňişleýin beýan edýär. Şor basan ýerleri özleşdirmek, şor suw akabalaryny arassalamak hem-de şor suwlary bir ýere jemlemek maksady bilen, Garagumda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi netijesinde, tebigatyň gaýtalanmajak, täsin köpdürlüligi täzeden özgerişe eýe boldy. Indi ýakyn wagtda bu kölüň kenarynda täze oba kemala gelip, ýaşaýyş gaýnap joşar.

Bu kölüň döremegi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gorap saklamaga, balykçylyk, guşçulyk, maldarçylyk ýaly toplumlaryň gerimini giňeltmäge hem uly itergi berdi. Ýer, suw baýlyklarymyzy goramak, olaryň rejeli peýdalanylyşyny ýola goýmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Döwletimiz tarapyndan suwdan ýerlikli peýdalanmak we çölleşmä garşy göreşmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygyny goramak maksady bilen, döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa bileleşigi we beýleki halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny amala aşyrýar. Howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, senagat pudagynda ýüze çykýan, howa zyýan beräýjek galyndylaryň möçberini azaltmak ýaly işler tebigaty goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň iň esasysy bolup durýar.

Tebigatyň köpdürlüligini gorap saklamak, oňa aýawly garamak babatda Türkmenistanyň Suw, Tokaý kodeksleri, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ýerasty baýlyklary hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda», «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tebigatymyzy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly ugurlarda amala aşyrýan asylly işlerine eýerip, daşky gurşawy goramak barada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmak, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

 

Ogulhesel BERDIÝEWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy bölüminiň Iş ýörediş bölümçesiniň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.