BUGDAÝ — BEREKET, RYSGAL

15.08.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyllaryň birine öwrüldi. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň türkmen topragyndan gallanyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi şanly ýylyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de oba ho­ja­ly­gy iň bir äh­mi­ýet be­ril­ýän, işi­ni gu­ra­ma­gyň esas­la­ry we mad­dy­en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän pu­dak­la­ryň bi­ridir. Ýe­riň ha­ky­ky eýe­si bo­lan zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry hö­weslen­dir­mek, gol­da­mak üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan uly iş­ler edil­ýär. Ola­ryň hal­ky­my­zyň azyk howp­suz­ly­gyny üp­jün et­mä­ge my­na­syp go­şant goş­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy üçin giň şert­ler we mü­mkin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu ýyl bug­da­ýyň döw­let sa­tyn alyş nyr­hy­nyň ýo­kar­lan­dy­rylma­gy, ýur­du­myz­da dä­ne­çi­lik pu­da­gy­ny yl­my esas­da ös­dür­mek üçin ýö­ri­te Yl­my-­bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň dö­redil­me­gi, bug­da­ýyň bol ha­syl ber­ýän to­hum­la­ry­nyň ekil­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy bu pu­da­g­yň ös­me­gi üçin döw­let gol­da­wy­nyň üstünlikli netijeleridir.

Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­niň go­wu­lan­dy­rylma­gy, azyk bol­çu­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi, ýur­du­myzyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­ma­gy ug­runda taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň jan­la­ry­ sag, ­ ömür­le­ri uzak, buý­sanç­ly baş­la­ry be­lent bol­sun!

Mekan MÄMMETGURBANOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň oba hojalygynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.