17.08.2024
Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda terbiýeçilik işinde asyrlaryň dowamynda synagdan geçen kämil milli ýörelgelerimizden ugur alyp, dünýäniň iň öňdebary jy tejribelerini durmuşa ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýra tyn nygtaýar. Taryhda ata-babalarymyz mukaddes Watanyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy milli ýörelgä öwrüpdirler. Şonuň üçin hem Watany söýýän, oňa buýsanýan, ýaşlary terbiýelemekde adamzat ýaşaýşyny öwrenýän ylymlar örän uly orun eýeleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn belläp geçmek ýerlikli bolаr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň bu eserleri her bir terbiýeçi üçin gymmatly gollanmadyr. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet aganyň görüm-göreldesi hemişe, hatda iň soňky demiňde-de halkyň aladasy bilen bolmagy ündeýär. Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň, Mälikguly Berdimuhamedowyň keşplerinde «Watan» diýen düşünjä bolan kämil gatnaşyk örän ussatlyk bilen beýan edilýär. Muňa «Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan söýgüsiniň, synmaz yhlasynyň çeper beýan edilişinden hem görmek bolýar.
«Döwlet guşy» romanynda Mälikguly aganyň Watana bolan synmaz yhlasy çeper açylýar. Munuň şeýledigine romandaky: «Watan üçin göreşmek, söweşmek iň uly mertebe!» diýlen jümläni okanymyzda has aýdyň duýýarys. Romanda Mälikgulynyň çaga ýüreginiň «Watan» diýip urýandygy onuň wakalara bolan gatnaşygynda aýdyň ýüze çykýar. Mälikguly aganyň watançylyk terbiýesindäki asylly hereketleriň romanyň edebi-çeper söhbetlerinde çaga aňynyň dürli ýagdaýlaryň özboluşlylygynda täsirli açylmagy eseriň gymmatyny artdyrmak bilen okyjyny özüne çekýär.
Mälikguly Berdimuhamedowyň şol kynçylykly ýyllarda ýazan goşgularynda Watana bolan çuňňur söýgi aýdyň teswirlenýär. Şеýle-de «Ýürekler buýsanjy — Watan» atly goşgusyndaky:
Şuny mydam ýatda saklaň, dostlarym,
Ýürekleň buýsanjy Watandyr, Watan!
Watana sežde etmek hökman, dostlarym,
Pederleň daýanjy Watandyr, Watan! —
diýen setirlerdäki çaga kalbyndan çykýan näzik owazy nusgalyk göreldedir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, döwet galamynyň astyndan çykýan eserleri milli edebiýatymyzy baýlaşdyrmak bilen birlikde, Watana bolan söýgiňi has çuňlaşdyrýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly döredijiliginde şeýle kitaplaryň höwri köp bolsun! Gün-günden pajarlap ösýän Watanymyz asuda, halkymyz parahat, Gahry man Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň saýasynda ýaşlaryň gujury bilen ýurdumyzyň abraýy has-da belende galsyn!
Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hukuk üpjünçilik bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.