DANA ŞAHYRYŇ HORMATYNA

19.08.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň Türki medeniýetiniň halkara guramasy — TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygy barha kämilleşýär.

2022-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly goşgulary dünýäniň ähli halklary bilen birlikde türki halklarda giňden meşhurdyr. Dana Pyragynyň eserleri azerbaýjan, gazak, gyrgyz, türk, tatar, özbek, garagalpak dillerinde dürli ýyllarda birnäçe gezek neşir edildi.

Magtymgulynyň goşgulary 1924-nji ýylda Stambul şäherinde türk dilinde «Mahtumkuli diwany» ady bilen neşir edilipdi. TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýardamy bilen, 2014-nji ýylda akyldar şahyryň goşgulary 2 tomluk kitap görnüşinde çap edildi. Magtymgulynyň goşgulary özbek diline terjime edilip, Özbegistanda birnäçe gezek neşir edildi. Ol kitaplar goňşy özbek halkynda Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň uludygynyň aýdyň mysallarydyr.

Dana Pyragynyň 1960-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Tatarystan kitap neşirýatynda neşir edilen kitaby tatar okyjylarynyň Magtymgulynyň dürdäne eserleri bilen ýakyndan tanyşmaklaryna giň mümkinçilik döretdi.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary gazak halkynda hem giňden meşhurdyr. 1961-nji ýylda Gazagystan çeper edebiýat basmasy tarapyndan Almaty şäherinde neşir edilen kitapda Magtymgulynyň gazak diline terjime edilen goşgularynyň birnäçesi ýerleşdirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Gyrgyzystan» neşirýatynda 1962-nji ýylda «Magtymguly» ady bilen neşir edilen kitaba Magtymgulynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgularynyň birnäçesi girizildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde neşir edilen kitap dana Pyragynyň eserlerini azerbaýjan halkyna ýakyndan tanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Görnüşi ýaly, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çuňňur mazmuny bar. Türki dilli doganlyk halklary edebiýatlarynyň, medeniýetleriniň we dilleriniň ýakyndygy, däp-dessurlarynyň meňzeşdigi has-da ysnyşdyrýar. Bu halklaryň taryhyň synagyndan geçen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze öwüşginlere eýe bolýar.

Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasyny dünýä ýüzünde belende göterýän Milli Liderimiz Gahry man Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Merdan AKMYRADOW, Mary welaýatynyň prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň müdiriniň wezipesini ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­ji,­ ýustisiýanyň geňeşçisi.