23.08.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik söýgüsinden kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň we Arkadag şäheriniň taryhy we häzirki zaman aýratynlyklary dünýä syýahatçylarynyň gyzyklanmasyny has artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda 2010-njy ýylyň maýynda «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegini, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň hukuk esaslaryny üpjün etdi. Ýurdumyzyň BMG-niň bi lim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça iň möhüm düzüm bölegi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny barha giňeltmegi syýahatçylyk ulgamynyň ösmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýan taryhy gymmatlyklaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy, gadymy Köneürgenç şäheri, köne we täze Nusaý galalary hem-de beýleki taryhy ýerler bar.
2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda girizilen aýdym aýtmagyň hem tans etmegiň küştdepdi milli dessury, 2019-njy ýylda girizilen «Türkmen milli halyçylyk sungaty», 2022-nji ýylda girizilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we «Türkmen keşdeçilik sungaty» hem gezelenje gelen myhmanlara ýatdan çykmajak täsirli pursatlary sowgat berýär.
Ýurdumyzyň ekoulgamynyň, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň täsinlikleri bilen birlikde, milletimiziň ahalteke bedewlerini seýislemek, türkmen alabaý itlerini we türkmen tazysyny ýetişdirmek, elguşçulyk we keçe sungaty, demirçilik senedi, milli göreşi, ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri ýaly gadymdan galan milli mirasymyz we Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň sanly mümkinçiliklerdäki ösen häzirki zaman keşbi syýahatçylygyň täsirini artdyrýan baýlyklarymyzdyr.
Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!
Polat ÇÖRLIÝEW, Etrek etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.